Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady barha pugtalanýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edilýär. Şonuň bilen baglylykda, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen Kaka etrabynyň prokuraturasy tarapyndan etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şu günlerinde hem ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň netijeliligini gazanmakda tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Şeýle duşuşyklarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere hem ildeşlerimiziň ünsüni çekýäris. Bilşimiz ýaly, bu maslahatda möhüm meselelere garaldy, onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ähmiýeti çözgütler kabul edildi. Bu çözgütler halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrýar.