Ak guşlar asmanda ganatyn ýaýsyn!

30 Sentýabr 2024
452

Goşgy — ol ynsanyň ýüreginiň yşky, aýdymy. Şonuň üçinem islendik goşgyny okap otyrkaň, ilki bilen, ýazaryň ýüreginiň sesi bilen bir wagtda yşkyny duýýarsyň. Ol yşk ýüregiň emri bolsa-da, onda esasy orun ylahylyga degişli bolýar. Çünki diňe Hakdan halatyň bar ýerinde çyn goşgular — ýürege ýol salýan goşgular döreýär. Şygryýetiň dünýäsinde ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döredýän şygyrlarynda-da biz şeýle ylahylygy görýäris. Ol ylahylygyň — Hakdan halatlylygyň emrinden dörän goşgular Milli Liderimiziň döredijiligine aýratyn öwüşgin çaýýar, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi, onda-da, şygryýeti hakda giňişleýin söz açmaga mümkinçilik berýär. Çünki «Jan Watanym, Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary ýatdan bilýändigimiz üçin ol goşgular dünýämizde aýdyma öwrüldi. «Dowam bolsun!» atly goşgy hakynda aýdanyňda bolsa, ondaky «Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl täze sahypasy» diýen setirleri okap, çuňňur oýa batanyňy duýman galýarsyň. Çünki käte-käte pikirlere çümüp, dogrudan-da, durmuşy kitaba, sahypalaryny bolsa geçip duran aý-ýyllara meňzedýärsiň. Munuň özi ýaşap ýören şu durmuşymyz bilen ondaky köp zatlaryň meňzeşlik babatda gabat gelýändigini ýüze çykarýar. Belki-de, şonuň üçindir, biziň şygryýetdäki ylhamymyzy derýalaryň joşgunyna, silleriň badyna deňemämiz, meňzeş görmämiz bar.

Şu ýerde şahyryň:

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar