HAZAR – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ DEŇZI

1 Sentýabr 2024
319

Dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýän Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň dünýäde ýüze çykýan islendik çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagy esasy ýörelge edinmegi halkymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilikli häsiýetine mahsusdyr. Munuň şeýledigini, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

Häzirki wagtda gadymy Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini esaslandyrýan sebit hyzmatdaşlygynyň onyň netijelerini şöhlelendirýär. Hazar sebiti bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk maksatlar kesgitlenilýär. Bu resminama laýyklykda ýurdumyz Hazar deňzinde bäştaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň döwletleriň parahatçylygy, agzybirligi goldamaga we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan umumy çalyşmasyny görkezýän birleşdiriji şert bolup durýandygyndan ugur alýar. Türkmenistan Hazar bilen bagly meseleleriň syýasy-hukuk, ykdysady, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça kenarýaka döwletleri bilen netijeli gepleşikleri alyp barmagy dowam etdirmegi daşary syýasy ugruň wajyp wezipesi hökmünde ileri tutýar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň baş redaktorynyň w.w.ý.ý.
Beýleki habarlar