Täze döwrüň ösüşinde intellektual eýeçiligiň orny

23 Sentýabr 2024
550

Ösen döwürde tehnologiýanyň, innowasiýalaryň we sanly ulgamyň kämilleşmegi bilen intellektual eýeçiligiň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Dünýä ykdysadyýeti, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda intellektual eýeçiligiň goralmagy we ösdürilmegi zerur meseleleriň biridir.

«Intellektual eýeçilik» adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, intellektual eýeçilik — bu senagat, ylym, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukuklardyr.

Şirin Öwezberdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar