Bagtly bolasym gelýär...

26 Awgust 2024
560

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözellige hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolmak üçin kalbymyz gözel bolmalydyr.

Akyldarlaryň biriniň: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýşi ýaly, bagtly bolmak üçin, ilki bilen, özüňde bar bolan baýlyklara akyl ýetirmegi başarmaly. Bu diýildigi maddy baýlygyň göz öňünde tutulmasy däldir. Halkymyz: «Baş saglygym — baýlygym» diýmek bilen, baş saglygy iň uly bagty hasaplaýar. Gözleriň ýagty jahany görmegi, on iki süňňüňe erk edip bilmegiň, ýakyn-u-ýatlaryň şatlygyna şatlanyp, gamyna gyýlyp bilmegiň, akylyň-huşuň ýitiligi, kesgirligi, päliň-niýetiň päkligi, iň esasy zat bolsa, şu agzalanlaryň hakyky baýlykdygyna düşünmegiň bagtly bolmagyň dogry ýoludyr. Iliňi-günüňi, ýakyn-ýadyňy, bala-çagalaryňy, öý-ojagyňy söýmek islendik adamy bagtly edýär. Seniň söýgiň bilen gurşalýan ynsanlaryň gözlerindäki bagt nuruny görmegem özüňe çäksiz bagt bolup dolanýar. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Biz islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar