Tropik ösümlikler — bereketli topragymyzda

20 Awgust 2024
667

Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşigi öňdebaryjy iş tejribeleri, peýdaly başlangyçlary we ussat ekerançylary bilen irki döwürlerde-de Murgap jülgesinde nusgalyk hojalyklaryň biri bolupdy. Täzeçillik obanyň şu günki nesline-de mahsus.

Sakarçägäniň etrap merkezine ýanaşyp oturan Geňeş obasyna giren ýeriňde «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň tropik miweleri ýetişdirmäge niýetlenen bir gektarlyk ýyladyşhanasy bar. Ol 2017-nji ýylda açylypdyr. Derwezäniň agzynda meni hünärmen Rejepgeldi Täşliýew garşylady. Hojalyk jemgyýetiniň ilkinji düýbüni tutanlaryň biri, asly şu obaly Rejepgeldi, hünäri gurluşykçy bolsa-da, hakyky bagbana öwrülip gidipdir. Türkiýeden sargyt edip getirilen ýyladyşhanany çyzgylar esasynda göwnejaý gurnan gurluşykçy Rejepgeldini hojalyk jemgyýetiniň başlygy Batyrmyrat Orazsähedowyň bu ýerden daşlaşdyrasy gelmändir. Türkiýeli bagbanlar, hünärmenler bilen kän maslahatlaşyp, soraşyp öwrenen, gollanmalary okan, şol ýurtdan 2 müň çemesi düýp nahalyň aýratyn şertlerde saklanyp getirilmegine gatnaşan Rejepgeldiniň bu gün bu täsin bagyň «diline düşünýän» ýakyn hossar hasaplanmagy ýöne ýerden däl.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar