Işewürlik: täze ösüş ýolunda

8 Awgust 2024
652

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigini her ädimde duýmak bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Häzir hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde, ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik we gurujylyk ruhuna mynasyp işleri bitirmeklige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti hem öz goşandyny goşýar. Diýarymyzyň beýik ösüşleri, oňyn özgertmeler öňde durýan wezipeler baradaky söhbetler etrabymyzdaky hususy kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklardyr çäreleriň mazmunyny düzýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň hususyýetçileri hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda — senagat, gurluşyk, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda yhlasly we üstünlikli zähmet çekýärler.

Tuwakgylyç WELIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Mejlisiň deputaty.
Beýleki habarlar