Ýokary hilli, uly islegli

5 Awgust 2024
644

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde netijeli iş alyp barýan «Bagt täji» hojalyk jemgyýetinde polipropilenden hem polietilenden öndürilen haltalaryň täze tapgyry ýörite şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradylyp başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýul aýynda bu ýerde ýokary hilli haltalaryň 60 tonna golaýy öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, sarp edijileri ýerli önümler bilen üpjün etmäge ygtybarly goşant goşýan hojalyk jemgyýetinde gündelik gazanylýan iş netijeleri barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Täze döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, önümçiligiň hemme ugurlarynda ekologik howpsuzlygyň ähli talaplarynyň doly berjaý edilmegi bu önümleriň hil derejesini kesgitläp, ähmiýetini artdyrýar. Häzirki bazar şertlerinde täzeçe iş alyp barýan hususy düzümiň önümçilik ulgamlary ýokary öndürijilikli kämil enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olaryň sazlaşykly hem utgaşykly işledilmegi bilen, bu ýerde her günde 1,5 — 2 tonna halta taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine islegler barha artýar, onuň eksport mümkinçiligi hem ýokarlanýar. Polipropilen we polietilen haltalaryň uly tapgyry Russiýa eksport edilýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar