Döwrebap toplumda täzeçil işler

29 Iýul 2024
597

Halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan üstünlikli ösdürilýän ugurdyr. Häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we işleriň halkara standartlaryna laýyklykda ýola goýulmagy bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga, täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýär. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çägindäki iri guşçulyk toplumynda «Täze Aý» haryt nyşanly guş etini öndürýän «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri hem bu hakykatyň aýdyň mysalydyr.

«Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, işlerini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, belent maksatlary nazarlaýar. Giň çägi eýeleýän guşçulyk toplumy 6 bölümden ybarat bolup, olaryň her birinde kesgitli işler ýerine ýetirilýär. Toplumda awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen üpjün edilen kesimhana, 7 ýatakdan ybarat bolan et ugurly broýler towuklaryny idedilýän bölüm, inkubirleme bölümi, ene towuklary idetmek üçin ýataklar, jüýje saklanýan we ýumurtga öndürýän bölümler hereket edýär. Arassaçylyk kadalaryna we keselleriň öňüni almagyň düzgünlerine esaslanylyp, toplumdaky bölümleriň her biriniň arasynda ep-esli aralyk goýlandyr.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar