Energetika pudagyndaky batly gadamlar

24 Iýul 2024
522

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilip, olar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika pudagyny hem sazlaşykly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär.

Döwletimiziň elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolup, bu pudak dünýä möçberinde girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şol sebäpli-de, pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlary hem barha artýar, bu bolsa elektrik energiýasyna islegleriň Ýer ýüzünde uludygy bilen şertlendirilendir.

Resul NAZAROW,
welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar