Dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý

17 Iýul 2024
584

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan:
— 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän Änew şäheriniň keşbi hem günsaýyn özgerýär, döwrebap görke gelýär. Ençeme ýyllardan bäri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup hyzmat edip gelýän bu gadymy şäheriň naýbaşy binalarynyň biri-de Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Änewde gurlan ilkinji binalaryň biri bolan bu muzeý özüniň täsin keşbinde milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklarynyň gaýtadan dikeldilmegini, ata-babalarymyzyň baý mirasynyň türkmen halkyna gaýtarylyp berilmegini şöhlelendirýär. Welaýat bilen adybir köçäniň ugrunda ýerleşýän muzeýiň ýene-de bir özboluşlylygy onuň dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý binasydygydyr.

Änew şäherinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gurulmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy türkmen taryhynyň çuňňur öwrenilýändigi bilen berk baglydyr. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda açylyp ulanmaga berildi.

Gülnara ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar