Halkymyzyň eşretli ýaşaýşy

5 Iýun 2024
656

Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda sanly ösüş, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda bellenilendir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de täze pudaklary döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

Ýurdumyzyň öndürijileriniň ýokary hilli, ekologik howpsuzlygyň derejesi bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda-da uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary döwletlerdäki söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilendir. Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň hem esasy ugrudyr. Oba hojalyk toplumynda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy arkaly işleriň mehanizmleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Oba ýerlerinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi bazarlary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge, oba hojalyk toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, önümçiligiň möçberini we girdejililigini ýokarlandyrmak üçin innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek babatda hususy pudak tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilýändigini tassyklaýar.

«Esger».
Beýleki habarlar