Dowam tapýan döwletli ýörelgeler

4 Iýun 2024
589

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işleriň nusgalyk görkezijileriniň biri-de iri milli taslama bolan Arkadag şäheridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine her bir iş sapary şäheriň täze ösüşine itergi berýän, şäheri has-da kämilleşdirýän, ilatyň amatly durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze tutumlara beslenýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg görnüşleri bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bu ösüşli işleriň yzygiderli hem-de toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär. Şol taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähine, “Saglyk” seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalardyr desgalar, şäherde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýan edilen haly we haly önümleriniň gölleriniň, nagyşlarynyň şekilleriniň öwrenilip, olar boýunça birnäçe bezeg serişdeleriniň öndürilendigi barada hasabat berilmegi adamzadyň gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan gadymy sungatymyzyň milli binagärlikde mynasyp orun alýandygyna bolan buýsanjymyzy artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyza şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň adyndan bu şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak barada haýyş bilen ýüzlenilmegi ýaşlaryň ene-mamalarymyzdan miras galan sungaty uly höwes bilen dowam etdirýändikleriniň ajaýyp görkezijisidir. Milli Liderimiziň bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýtmagy hem-de ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda, bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny bellemegi halkyň ýürek sesine döwlet durmuşynda möhüm ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek subut etdi.

Oguloraz DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar