Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada hemişe ileri tutulýar, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, beden taýdan berk, ruhubelent, sagdyn pikirlenmegi başarýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Biz hem bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, esasanam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň ähmiýeti, her bir raýatyň sporty, bedenterbiýäni hemişelik hemra edinmegi dogrusynda wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ýaşlaryň ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda aýratyn durup geçýäris.