Sag başym — soltan başym!

21 Maý 2024
742

·         Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek sagdyn nesilleriň kemala gelmegi, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagy üçin zerur şertdir. Häzirki zaman jemgyýetini ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tehnologiki enjamlar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryň hatarynda kompýuterleri, smartfon telefonlary, planşetleri görkezmek bolar. Bu enjamlaryň peýdalanylmagy işi ýeňilleşdirýär, wagty tygşytlaýar. Muňa garamazdan, uzakly günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden peýdalanmak hereketsizlige getirýär.

·         Hereket ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrýar. Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bolsa saglyk üçin peýdalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar