Owadan, näzik keşpli Neslihan 1992-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkiýäniň paýtagty Stambul şäherinde eneden bolýar. Asly çerkes bolan kakasy uzak ülkelere gatnaýan ulagy sürýäni üçin, köp ýurtlaryň üstünden geçýär. Ol Belarus Respublikasynda saparda bolanda gelip çykyşy belaruslardan bolan öý hojalykçy zenan bilen tanyşýar. Bular durmuş guranlaryndan soň Türkiýäniň Stambul şäherinde ýaşap başlaýarlar. Neslihan ene-atanyň ogullaryndan soň ikinji perzendi bolup kemala gelýär.
Ýaşlygyna garamazdan, kino muşdaklarynyň söýgüli aktrisalarynyň birine öwrülen Neslihan Atagül «Gara söwda» atly türk filminiň baş gahrymany Nihanyň keşbi bilen türkmen tomaşaçylarynyň hem göwnüni awlap bildi. Bu filmde Neslihanyň döreden Nihany dogumly, söýgüsine wepaly, gabat gelýän kynçylyklary paýhasly çözüp bilýän zenan hökmünde tomaşaçynyň aňyna siňýär, oňa bolan hormat artýar. Asyl-a, türk kino dünýäsine öz tebigy zehini bilen gadam basan Neslihan Atagülüň döreden her bir keşbinde ýaş aktrisanyň ussatlygyny, sungata ýüregi bilen berlenligini duýmak bolýar.