Ýurdumyzyň ähli ýerinde haşal ot hökmünde ýaýran gamşyň biziň ýurdumyzda 3 görnüşi ösýär. Olar gargy gamşy, suw gamşy, tirjin ýa-da hyşa diýlip atlandyrylýan gamyşlardyr.
Gamyşlar gurak, suwly, şonuň ýaly-da, dürli ýerlerde toprak dannaman ösüp bilýän hem bolsalar, suwly ýerlerde olaryň boý alşy has üýtgeşik bolýar. Suwsuz ýerlerde olaryň boý alşy kadaly bolmaýar. Suwly ýerlerde olar ok geçmez jeňňelliklere öwrülip gidýär. Şemal öwsende, şol gamyşlar özboluşly ses çykarýarlar. Magtymgulynyň «Suw seslener gamyş bilen» diýmesi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.