TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisiniň 2024-nji ýyly tutuş türki dünýäde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, dana akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şahyryň ýubileý toýy bilen bagly dabaralary halkara derejä çykarýar.
Häzirki döwürde hem her türkmen öýünde Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary bar, goşgulary okalýar, ýaş nesillere şol şirin dilli şygyrlaryň öwüt-ündewleri bilen terbiýe berilýär. Magtymguly atamyzyň şygyrlary şirin sözüň çuňňur paýhas bilen sünnälenen heýkelidir. Ol türkmen halkynyň şol döwürdäki syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny hem-de akyldar şahyryň geljege-geçmişe nukdaýnazaryny ussatlarça açyp görkezýär. Beýik söz ussadynyň paýhasly pikirleri diňe türkmen halkyna däl, tutuş adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýol görkeziji şamçyragy bolup durýar. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde zamanasynyň hem halkyň wepaly ogly hökmünde ýaşan döwrüniň ähli taraplaryny ölmez-ýitmez eserlerinde şöhlelendiripdir. Ol halkyna öwüt-ündew arkaly öz garaýşyny bildirmek isläpdir, «bildigiçe ýagşy sözläp», adamlara maslahat bermek bilen «özünden soňkulara ýadygärlik galdyrmak» isläpdir.