Önümleri bilen adygan

12 Aprel 2024
1085

Bu günki gün milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky tagallalaryň netijesinde, türkmen işewürleri täze önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Şolaryň hatarynda dünýä tejribesiniň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary durmuşa ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrýan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täç hil» hususy kärhanasy hem bar.

Polietilen torbalaryň, arassaçylyk serişdeleriniň we hojalyk himiýa harytlarynyň önümçiliginde uly üstünliklere eýe bolan bu kärhananyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar