Paratetis Ýeriň taryhynda iň uly köl hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Niderlandlaryň Utreht uniwersitetiniň alymlary braziliýaly, russiýaly we germaniýaly kärdeşleri bilen iňňän gadymy döwürde bu kölüň 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeländigini anykladylar. Munuň özi häzirki Orta ýer deňziniň tutýan meýdanyndan hem uludyr. Mundan, takmynan, 11 million ýyldan hem ozal bu suw howdany günbatarda Alp daglaryna, gündogarda bolsa Türkmenistana çenli aralygy eýeläpdir. Ol özünde suwuň 1,77 million kub kilometrini jemläpdir. Munuň özi onda dünýäniň häzirkizaman kölleriniň ählisindäkiden, takmynan, 10 esseden köp suwuň jemlenendiginden habar berýär. Kölde haýwanlaryň äpet görnüşleri, şol sanda, murtly läheňler ýaşapdyr. Onuň kenaryndaky batgalyklar bolsa häzirki pillerden hem äpet holtumly deýnoteriýalaryň mesgeni bolupdyr. Bu suw howdany 350 müň ýylyň dowamynda kem-kemden gurap, meýdanynyň üçden iki bölegini ýitiripdir. Gara, Hazar we Aral deňizleri onuň galyndylarydyr.
Kölüň ady gadymy Tetis ummany bilen baglanyşykly bolup, ol onuň bir bölegi hasaplanylýar. Köl Alp, Karpat daglarynyň we beýleki dag ulgamlarynyň döremegi bilen bu ummandan bölünip aýrylypdyr. Utreht uniwersitetiniň bu suw howdanynyň möçberini öwrenýän alymlary Paratetisiň ýok bolmagynyň esasy sebäbini häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.