Gar leopardy barada

9 Ýanwar 2024
2199

Gar leopardy ýa-da Irbis — göwresi uly bolan we sany azalýan ýyrtyjylaryň biridir. Olar süýdemdirijiler synpynyň pişikler maşgalasyna degişli bolup, daşky keşbi boýunça «gar leopardy» diýlip atlandyrylýar. Ol ýekelikde dag jülgelerinde ýaşaýar. Bu jandar ýitip barýandygy sebäpli Gyzyl kitaba girizilendir. Bütin Ýer ýüzünde olaryň sany 800-den hem azdyr. Gar leopardy dagly ýerlerde we dag gerişlerinde ýaşaýar. Bu maşgalanyň wekilleri Gimalaýda, Tibetde, Pamir daglarynda duş gelýär. Russiýanyň çäginde gar leopardy Sibirde, Altaý, Kawkaz daglarynyň gerişlerinde, Baýkal sebitlerinde duş gelýär. Hytaýda 500-e golaý gar leopardy bar diýlip çaklanylýar.

Bu ýyrtyjyny 1761-nji ýylda ilkinji gezek fransuz alymy Jorj Býuffon suratlandyrypdyr. Pakistanyň çäklerinde hem olara duş gelmek bolýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, gar leopardy bir million ýyl mundan ozal daglyk gerişlerde giňden ýaýrapdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Hurma ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar