Bitaraplyk ýoly — abadançylyk ýoly

12 Dekabr 2023
1198

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň şanly 28 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslendi. Bu şanly waka biziň her birimize mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuna, dünýä we sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň gymmatyna çuňňur düşünmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren mümkinçiliklerine we olary durmuşa geçirip, döredijilikli ösüşlere beslenýän ýolumyza ýene bir gezek buýsanmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji bolup ykrar edilen Bitarap döwletdir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu bolsa bir döwletiň bitaraplygynyň döwletleriň şeýle köplügi bilen tassyklanmagy dünýä taryhynda ilkinji ýagdaýdyr. Bu türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda deňi-taýy bolmadyk, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak şanly wakadyr.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak, durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar. BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk etmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwerlik taglymatlary bolan döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak, birek-biregiň medeniýetine we özboluşly ösüşine hormat goýmak Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynda baş ýörelgelerdir.

Leýli SOÝEWA,
Aşgabat şäheriniň mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar