Bitaraplyk — erkinligiň nyşany

11 Dekabr 2023
1472

Ýakynda Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Çarlak» myhmanhanasynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  «Bitaraplyk bagtymyz, dost-doganly halkymyz» ady bilen geçen bu dabara şäherdäki eda­ra-kär­ha­na­lar­da ­zäh­met ­çek­ýän ­hü­när­men­ler,­ jem­gy­ýet­çi­lik ­gu­ra­ma­la­ry­nyň­ iş­jeň­ ag­za­la­ry we ­il sy­lag­ly­ ýa­şu­lu­lar gat­naş­dy.

Dabarada çykyş edenler ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy alanymyzdan soň, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler halkara derejesinde gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Begençmyrat PYHYÝEW,
TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar