Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döwletimizde eneligiň, çagalygyň, tutuş milletimiziň bähbidini, asudalygyny, saglygyny goramak aladalarynyň üpjün edilmegi öz ýerini tapdy. Dünýä boýunça başga hiç bir ýurtda şeýle aladalaryň ýokdugyna hemmäniň gözi ýetdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygary hakykat ýüzünde maşgalanyň hukugyny kepillendirýän eşret çeşmesidir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edil meginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmen maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan asylly däp-dessurlar, edim-gylymlar, ýörelgeler ýatyr. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk we zähmetsöýerlik ýaly ahlak häsiýetleri biziň halkymyzyň taryhy köklerinden ugur alýarlar.