Topraga, ekin-dikine alyn derini siňdirýän pederlerimiziň ýollaryny mynasyp dowam etdirýän agzybir halkymyz dürli ösümlikleri, saýaly baglary ekmäge aýratyn üns berip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize çenli ýetirip gelipdirler.
Şol asylly ýörelge edil beýleki obalardaky ýaly biziň obamyza-da mahsusdy. Edil häzirki gün ýaly ýadymda, obadaşlarymyz dürli iýmişler bilen bir hatarda saýaly, miweli agaçlary köp ekýärdiler. Olar: «Agaç ösdürip ýetişdirseň, sogap bolýar» diýen ynanja uýýardylar.