Bagtyýar çagalar — röwşen geljegimiz

15 Noýabr 2023
1163

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde tutumly işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Konstitusiýamyzyň 54-nji maddasyna laýyklykda, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler kepillendirilýär.

20-nji noýabr — Bütindünýä çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi. Bu sene 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi we munuň hem öz sebäbi bar. 20-nji noýabr çagalaryň hukuklarynyň ösüşinde möhüm tapgyrdyr, çünki 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Çaganyň hukuklary Jarnamasyny, 1989-njy ýylda bolsa Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny kabul etdi.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar