Plastilinden balyjak

12 Noýabr 2023
1890

Mähriban çagalar, siziň araňyzda plastilinden multfilm gahrymanlarynyň şekiljiklerini ýasamagy halamaýanyňyz ýok bolsa gerek. «Nemonyň gözleginde» atly multfilme-hä ähliňiz diýen ýaly tomaşa edensiňiz. Aşa bilesigelijiligi sebäpli, öz öýünden uzaklara düşýän Nemo atly balyjak hakyndaky multfilm çagalaryň söýgüsini gazanan multfilmleriň biri. Teleýaýlymlarymyzda bu multfilme türkmen dilinde birnäçe gezek tomaşa edensiňiz. Multfilmde Marlin atly balygyň ogly Nemony gözleýşi, Nemonyň hem öz öýüne gaýdyp barmak üçin jan edişi gyzykly wakalaryň üsti bilen suratlandyrylýar. Nemo atly balyjagyň öz hossarlaryna gowuşmagy üçin ekranyň başynda oturyp, garaşan pursatlaryňyzam bolandyr.

Geliň, onda žurnalymyzyň şu gezekki sanynda siziň söýgüli multfilm gahrymanyňyz Nemonyň şekiljigini ýasamagy öwreneliň!

«Güneş».
Beýleki habarlar