Ene hüwdüsi — keramat

27 Oktýabr 2023
1659

Eje diýmek mukaddeslik diýmekdir. Bu mähriban ynsan kiçiligiňden tä ulalýançaň, seniň aladaňda bolýar, saňa ýol görkezýär we hakyky terbiýe mekdebi bolup durýar. Enäniň öz perzendine bolan söýgüsini, mährini onuň owazly hüwdi setirlerinde-de görmek bolýar. Bu gün bu ajaýyp, şirin owazy eşidip, çagalygyma dolanan ýaly bolýaryn. Enem jigim Suraý jany şol owadan sesi bilen hiňlenip hüwdüleýärdi. Öý işlerimi edip ýörşüme, ol jadylaýjy owazy eşidip, enemiň ýanyna nädip gelenimi-de bilmän galdym. Enem:

Allan-allan öwmeli,
Öň ýakasy düwmeli.
Saňa gelen belany,
Daga-daşa kowmaly

Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar