Ýakymly pursatlar

27 Oktýabr 2023
1554

Howlynyň töründäki sekide ýanýoldaşy Nurberdi aga bilen kişmişdir maňyzdan agyzlaryna salyp, gök çaýyň lezzetini alyp oturan Güljemal enäniň bu gün keýpi has-da çagdy. Ol düýn merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gaýdyp gelipdi. Gürrüň berere zat kändi. Has hem ýurdumyzda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi ýakymly pursatlaryň biridi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur parasady bilen, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine mahsus bolan her bir işde ýaşululara geňeşmek, sala salmak, olar bilen meseläni «Ýedi ölçäp, bir kesmek», maslahatlaryny diňlemek indi däbe öwrüldi. Ine, maslahatda şular barada edilen gürrüňleri Nurberdi aga aýalynyň hut öz dilinden ünsli diňläp otyrka, ogullary Nurýagdydyr Sapargeldi, gyzlary Ogulmaraldyr Ogulşeker çagalary bilen gapydan girip geldiler. Çagalar ylgap gelip, Güljemal enäniň gujagyna doldular.

— Ene, biziň-ä seni göresimiz gelip gitdi. Indi beýdip köp wagtlyk gitme, bolýarmy?! — diýip, körpe agtyjagy Bägül enesiniň ýüzünden sypady.

Ogulbaýram REJEPOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar