Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň biri-de belli alym Nikolaý Wawilowyň ady dakylan, seýrek duş gelýän dag soganydyr. Bu sogan GDA döwletlerinden diňe biziň ýurdumyzda ösýär. N.Wawilowyň sogany merkezi Köpetdagyň Howdan, Sogandag, Ýaňydag, Almajyk, Kurkulap, Germap, Duşakdag, Gökdere-Çeýek diýen ýerlerinde duşýar. Bu täsin şekilli ösümlik gaýalaryň kert ýerlerinde, daglaryň daşly eňňitlerinde-de mesgen tutýar. Onuň boýy 70-90 santimetr, düýbi 2-4 santimetr, ýokarsyndaky topbak güli togalak we ýyldyz şekilli. Dag soganynyň tohumy tomus aýynyň ikinji ýarymynda bişip, gozajygyndan dökülýär. Bu sogan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Botanika bagynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýär.