Tomsuň soňky aýynda okuw esbaplary we lybaslary ýurdumyzyň bazarlarynyň iň geçginli harytlaryna öwrülýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep bazarlarynda ýerli kärhanalaryň önümleriniň alyjylara hödürlenýändigi aýratyn begendirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Aýhan Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen ýantorbalary öndürmekde ýeterlik tejribe toplanylyp, ýakynda nusgawy aýakgaplaryň önümçiligi hem ýola goýuldy.
Mary şäherinde ýerleşýän döwrebap kärhanada edara binasynyň we önümçilik bölümleriniň bir ýerde ýerleşmegi işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berýär. Bu ýerde hünärmenleriň işleýän otaglary, önümçilik sehleri, çig mal we taýýar önümleri saklanýan ammarlar, hil barlaghanasy, işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin niýetlenen ýörite ýerler göz öňünde tutulandyr. Önümçilik kuwwaty ýylda 20,5 million jübüt aýakgap öndürmäge niýetlenilen kärhana 14 bölümden ybarat bolup, Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy önümçiligiň ösüş depgininiň ýyl-ýyldan ýokarlanmagyny şertlendirýär.