Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň giň okyjylar köpçüligini begendiren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseriniň «Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi» bölümçesi her bir okyjyda ösümlik we haýwanat dünýäsi babatda giň dünýägaraýşy kemala getirýär.
Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň nesilleriň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin zerur bolan garaýyşlary, endikleri kemala getirmegiň kämil tejribesini toplandyklaryny durmuşymyzyň aýdyň mysallary arkaly täsirli beýan edýär.