Garaşsyz ýurdumyzyň çäklerinde tebigatyň ajaýyp gözelliklerine baý ýerler, täsin künjekler örän köp bolup, olaryň her biri öz aýratynlyklary bilen ünsi çekýär. Şeýle ýerleriň biri-de Murgap hem-de Tejen derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda giň meýdany tutýan Bathyz belentliginiň Ýeroýlanduz çöketligidir. Ini 10, uzynlygy 25 kilometre barabar bolan bu çöketlik ilat arasynda Babaçöňňe diýlip hem atlandyrylýar. Onuň çuňlugy 500 metre ýetýär.
Bu çöketligiň howasy beýleki künjeklere garanyňda hemişe 5 dereje ýylylygy bilen tapawutlanýar. Bu hem ondaky ösümlikleriň başga ýerlerdäkiden 10 — 15 gün öň janlanmagyna sebäp bolýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň döremegine Tetis deňziniň aşagynda emele gelen wulkan ojagy täsir edipdir diýen çaklama öňe sürülýär. Şol döwürde ýeriň jümmüşindäki gaýnag magma ýokary göterilip, çöketlikdäki belentlikleri, baýyrlyklary «ýasapdyr». Şunlukda, onuň demirgazyk böleginde beýikligi 155 metre ýetýän Gazan hem-de Gyz Gupba depeleri peýda bolupdyr.