Del tagamly, saglyk üçin peýdaly

6 Iýun 2023
1240

Ýurdumyzda hususy pudaga berilýän üns aladalardan, döredilýän mümkinçiliklerden ugur alnyp, häzirki zaman önümçilikleri ýola goýýan telekeçiler az däl. Maksat Ibragimow hem döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etini öndürip başlan tejribeli telekeçileriň biri. Onuň ýolbaşçylygyndaky iri guşçulyk toplumy Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

Döwrebap toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 4 müň 800 tonna et öndürmäge niýetlenip, işler täze tehnologiýalar esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda toplumda hind guş etinden önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen halkymyza hödürlenýän önümler hil derejesiniň ýokary, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şu ýerde telekeçileriň et önümlerini ýurdumyzda ilkinji bolup daşarky bazara eksport edendiklerini hem bellemek ýakymly. Munuň özi «Maksada okgunly» haryt nyşanly et önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny alamatlandyrýar.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar