Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň asylly işlerini dowam edýän Arkadagly Serdarymyz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär.
Döwletimiz tarapyndan senagatçylar we hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar, oňaýly salgyt ulgamy ýaly amatly şertler üpjün edilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde milli öndürijilerimiz onçakly uzak bolmadyk döwürde ýokary hilli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekde hem-de daşary ýurtlara çykarmakda nusgalyk işleri bitirdiler. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda paýtagtymyzdaky iri söwda merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Arkadag şäheriniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.