Bolelin ýaşaýşyň gözbaşy

15 Maý 2023
1380

Adam bedeniniň kadaly ösüşi, işjeňligiň, dogry pikirlenmegiň, ukyp-başarnygyň sazlaşygy bedene kabul edilýän azyk önümleriniň ýokumlylygy bilen berk baglanyşyklydyr. «Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al», «Gallam bar — tyllam bar», «Garyň känligi — gallaň bollugy», «Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün» ýaly atalar sözleridir nakyllar il arasynda şu günlerimizde hem ýörgünlidir. Şeýle pähim-paýhaslara ynanyp ýaşaýan halkymyz azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine öňem, häzirem aýratyn üns berýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda şeýle belent maksatlara gönükdirilen işleriň degişli hukuk namalary bilen berkidilendigini bellemek gerek. «Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» bu ugurda ähmiýeti örän uludyr.

Nazarmämmet BÄBIŞOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy.
Beýleki habarlar