Telekeçilige — giň ýol!

3 Maý 2023
1531

Bähbitli tagallalar rowaçlanýar

Telekeçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde ýurdumyzyň halk hojalygynda eýeleýän orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýmek bilen türkmen telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli uly tagallalaryna ýokary baha berýär. Bu tötänden däldir. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlete degişli bolmadyk bu çygyr — telekeçilik çalt depginlerde ösdürildi. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň mukdaryny düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. Ösüşli sepgitleri ynamly külterleýän hususyýetçilerimiz ajap eýýamymyzda has-da gowy görkezijileri gazanýarlar. Has takygy, soňky ýyllarda telekeçilerimiz özleriniň harytlaryny we önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksport etmekde-de işjeňlik görkezýärler. Şeýle bähbitli işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Indi özleriniň ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary bilen daşary bazarlara çykýan telekeçilerimiziň sany barha artýar. Bu bolsa hususy kärhanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýlarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Beýleki habarlar