Çürçüri – Garagumuň oturymly guşy

25 Aprel 2023
2061

Ata-babalarymyz birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler.Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän, pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Her bir maşgala ojagynda ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýüjilik, tebigatsöýüjilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna, agtyklaryna, çowluklaryna tebigatyň janly-jansyz ajaýyp gözelliklerini rejeli peýdalanmaga, olary gorap saklamaga hem-de onuň baýlaşmagyna ýardam etmegi ündäpdirler. Şeýle hem gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini ýaşaýan ýerine mahsus aýratynlygy bilen owadan atlandyrypdyrlar.

Ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý bolan Garagum sährasynda ýaýran guşlar hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Guşlar dünýäsiniň gargalar maşgalasyna degişli bolan çürçüri Garagum sährasynyň oturymly guşudyr. Türkmen halkymyz, aýratyn hem gum obalarynyň ýaşaýjylary bu çöl guşuny çürçüri diýip, mynasyp atlandyrypdyrlar. Bu at bolsa guşuň «çür-çür» edýän sesinden ugur alnyp goýlan atdyr.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk kafedrasynyň müdiri, uly mugallym.
Beýleki habarlar