Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda lukmançylyk diplomatiýasynyň orny

8 Aprel 2023
840

Häzirki wagtda halkara syýasatynyň guraly hökmünde we döwletiň oňyn keşbini emele getirmekde lukmançylyk diplomatiýasy dünýäniň syýasy arenasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyna barha artýan halkara gyzyklanmany göz öňünde tutup, lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna we onuň netijelerine garşy göreşmek ýaly meselelerde tejribe alyşmak üçin ýene bir mümkinçilikdir [1].

Global lukmançylyk diplomatiýasy (Global Health Diplomacy) düşünjesi geçen asyryň 70-nji ýyllarynda diplomatlaryň leksikonynda ulanylyp başlandy. Häzirki wagtda bu düşünje giňden meşhurlyga eýe boldy. Onuň maksady halkara syýasatynyň guraly hökmünde lukmançylyk mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli saglygy goraýyş ulgamyna halkara guramalarynyň tagallalaryny utgaşdyrmakdyr [2].

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Kemal MAWLANOW, Muhammet ERGEŞOW
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Beýleki habarlar