Çagalarda kelle beýniniň subtentorial täze döremeleriniň toplumlaýyn bejergisiniň netijeleri

8 Aprel 2023
877

Kelle beýniniň IV garynjygynyň täze döremesi neýroonkologiýa keseller toparyna degişli bolup, çişiň likwor ýollaryny böwetlemegi we deformirlemegi netijesinde, beýniniň ýaşaýyş üçin wajyp merkezlerine täsir edýär. Bu patologiýada ölümçilik kelle beýniniň täze döremeleriniň arasynda, has-da ýaşlarda 5-8%-ni düzýär [1]. Soňky ýyllarda täze döremeleriň hirurgiki bejergisinde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda IV garynjygyň çişleriniň toplumlaýyn bejergisiniň esasy bölegi bolan operatiw bejergisinde kyn meseleler ýüze çykyp, hat-da geçirip bolmaýan ýagdaýlary hem duş gelýär [3]. Muňa garamazdan, edebiýat çeşmelerinde köp awtorlar öz işlerinde IV garynjygyň täze döremesini bölekleýin ýa-da doly aýrylandan soňra, 3 hepdeden geçirilen şöhle bejergisiniň toplumlaýyn bejergileriň netijeliligini ýokarlandyrýanlygyny belleýärler [2, 4].

Häzirki wagtda kelle beýniniň IV garynjygynyň täze döremeleriniň operasiýasyndan soňra geçirilýän şöhle we himiobejergilerinden gysga wagtlyk oňaýly netije gazanylýanlygyna garamazdan, 5-9% näsaglarda ýaşaýyş dowamlylygy 5 ýyl bolup galýar.

Akmuhammet ALÇEKOW, Sahid ANNANEPESOW, Çerkez HANNYÝEW, Arslan MEREDOW
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi,M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň newrologiýa we neýrohirurgiýa kafedrasy
Beýleki habarlar