Melhem çaýlaryň düzümindäki witaminleriň mukdary

8 Aprel 2023
1040

Witaminler adam bedeninde madda alyş-çalşygyna, nerw-endokrin sazlaşygyna, immunobiologiki hadysalara, goranyş mehanizmlere, ganyň emele gelmegine, lagtalanmagyna we başga-da birnäçe funksiýalara täsir edýärler. С, Р, К we А witaminleri adam bedeninde aýratyn orunlara eýedirler. Olaryň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi, köplenç ýagdaýlarda birnäçe keselleriň döremegine getirýär [1].

Adam bedeninde askorbin turşusy (C witamini) köp sanly alyş-çalyş hadysalaryna gatnaşýar. C witamini kapillýarlaryň diwarynyň berkligini ýokarlandyrýar, sowuklama garşy täsirleri ýüze çykarýar, ýokanç kesellere garşy bedeniň durnuklylygyna ýardam edýär. P witamini C witaminiň özleşmegini, transportyny we dokumalarda toplanmagyny üpjün edýär, bedendäki holesteriniň dargamagyny güýçlendirýär, öt çykaryjy, gepatoprotektor täsirlere eýedir. K witamini bagyrda protrombiniň emele gelmegi we alyş-çalşygy üçin zerur bolup, damar diwarlarynyň berkligini ýokarlandyrýar, kapillýar damarlarynyň syzyjylygyny peseldýär, beloklaryň, esasan, iýmit siňdiriş fermentleriň sintezini işjeňleşdirýär, ýatgynyň ýygrylmagyny güýçlendirýär, ganyň lagtalanmagyny ýokarlandyrýar. Karotinoidler (A prowitamin) – A witaminiň başlangyçlary bolup, olar diňe ýokary derejeli ösümlikler tarapyndan sintezlenýär. Ol adam dokumasynda okislenip, dargamagy esasynda A witamine öwrülýär. A prowitaminiň (karotiniň) ýetmezçiligi bedeniň goranyş funksiýasynyň üýtgemegine getirýär, dürli ýokançlaryň bedene aralaşmagyna hem-de köplenç halatlarda birnäçe keselleriň (stomatit, konýunktiwit, bronhit, pnewmoniýa, pielonefrit, dermatit) ýitileşmegine alyp barýar, garaňkyda gözüň ýagtylygy kabul ediş ukybyny bozýar [7, 8].

Artyk KOKANOW, Nina SPIRIDONOWA
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty
Beýleki habarlar