Matematiki modelirleme biziň durmuşymyzda
Daşymyzy gurşap alýan hakykylygy öwrenmekde, ilki bilen, onuň matematiki modelini düzmek özüniň oňyn netijelerini berýär. Matematiki modeller daşky gurşawa göz ýetirmegiň esasy gurallarynyň biri bolup durýar. Matematiki model diýlip, öwrenilýän hadysa mahsus bolan esasy kanunalaýyklyklaryň we baglanyşyklaryň matematikanyň dilinde aňladylmagyna düşünilýär. Bular formulalar, deňlemeler, düzgünleriň we ylalaşyklaryň toplumlary bolup biler. Matematikada, fizikada, mehanikada we beýleki tebigy ylymlarda öwrenilýän hadysany aňlatmak üçin matematiki modeller öňden ulanylyp gelinýär. Meselem: Nýutonyň kanunlary planetalaryň Günüň daşyndan aýlanmagynyň kanunalaýyklyklaryny doly kesgitleýär. Mehanikanyň esasy kanunlaryny ulanyp, emeli hemralaryň hereketiniň deňlemesini düzmek kyn däldir. Köp halatlarda bu deňlemeleri ýönekeý usullarda çözmek mümkin bolmaýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda matematiki modelirlemekde kompýuter serişdeleri giňden ulanylýar. Şol sebäpli hem orta mekdeplerimizde okuwçylara modelirleme we grafika dersi öwredilýär. Şu günki günde matematiki modelirleme fiziki we tebigy tejribeler bilen bir hatarda, tebigy bilimleriň dürli ugurlaryny öwrenmekde esasy gurallaryň birine öwrüldi. Geljekde onuň orny has hem artar. Matematiki modelirlemegiň ylma giňişleýin ornaşmagy şular bilen baglydyr: barlanylýan hadysalaryň barha çylşyrymlaşmagy we olary öwrenmek üçin gerek bolan t