"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Kitap — akyl-paýhas hazynasy

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halky öz geljegine diýseň ynamly garap, parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli, durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi we ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda hem häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitabyň göz öňünde janlanmagy tebigy ýagdaýdyr. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňelmeginde kitabyň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Meşhur zenan türkolog alymlar

GDA ýurtlaryny «Türkmen dili» kitaby bilen üpjün eden rus alymy Biziň elimizde professor Elwira Aleksandrowna Grunina tarapyndan ýazylyp, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Восточная литература» neşirýatynda çapdan çykan — «Туркменский язык» we «Учебник туркменского языка для стран СНГ» atly okuw kitaplary bar. Olaryň ikisiniň hem möçberi 290 sahypa golaý bolup, birinjisi 2005-nji ýylda, ikinjisi bolsa bäş ýyldan soň, 2010-njy ýylda okyjylara ýetirilipdir. Bulardan başga-da, E.A. Gruninanyň 1993-nji ýylda türkmen dilini özbaşdak öwrenýänler üçin rus dilinde ýazan, möçberi 190 sahypalyk «Туркменский язык — Türkmen dili» atly gollanmasy neşir edilipdir. Moskwaly alymyň türkmen professory Myrat Penjiýew bilen bilelikde taýýarlan we türkmençe tekstlerden hem-de olara berlen düşündirişlerden ybarat 183 sahypalyk kitaby hem 2012-nji ýylda ýene şol «Учебник туркменского языка для стран СНГ» diýen öňki at bilen agzalan neşirýatda çapdan çykýar. Bu kitaplaryň hemmesi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin niýetlenilipdir.

Ýaşlar we sanly innowasiýalar

13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ilkinji güni örän netijeli boldy. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde guralýan bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerinidir taslamalaryny hödürleýärler. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär.

Himiýa ylmy we döwrebap çözgütler

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şunda esasy maksat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Himiýa — ylmyň möhüm pudagy. Ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Himiýa ylmynyň ösdürilmeginiň diňe bir himiýa pudagynda däl, senagatyň ähli beýleki pudaklarynda hem köp innowasiýalaryň girizilmeginde uly ähmiýeti bar. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtadan işlemäge, şol bir çig maldan dürli görnüşli önümleri almaga, olary to

Kitap — bilimiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde kitaphana işiniň kämilleşdirilmegine hem möhüm orun degişlidir. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan kitaphanalaryň, olaryň bölümçeleriniň we şahamçalarynyň kitaphana gorlarynyň üsti döwrebap kitaplar bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary kitap tekjelerini bezeýär. Işleri talabalaýyk ýola goýmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde, okyjylarda kitap okamaklyga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, işgärlerimiz tarapyndan degişli işler geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kitaphanaçylar bilen okuw sapaklary yzygiderli guralyp, özara tejribe alşylýar. Ylymly, bilimli, hünärli, watansöýüji, halal we edep-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmeginde ylym-bilim ojagy bolan kitaphananyň işini netijeli ýola goýmakda döwrebap, öňdebaryjy usullardan peýdalanýarys.

Ýaş alymlar — ýurduň nurana geljegi

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda tapgyrlaýyn alnyp baryljak wideomaslahatlaryň açylyşy boldy. Maslahat «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribelerini ornaşdyrmak, düýpli ylmy esaslara daýanýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek wideomaslahatyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä, «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýen tema boýunça ilkinji maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Onda inžener, tehnolog hem-de ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryna çekmek, jemgyýetiň ylym-bilim kuwwatyny ösdürmek meseleleri hakynda durlup geçildi.

Taryhymyz şöhratymyz-şanymyzdyr

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ba­bat­da­ky ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri bü­tin dün­ýä ýaň sal­ýar. Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler şan­ly gel­je­gi na­zar­la­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki at ab­ra­ýy gün-gün­den art­ýar. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­nyn­dan soň, al­nyp ba­ryl­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da tä­ze de­re­je­le­re çyk­dy. Türk­me­niň me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy, mil­li mi­ra­sy hal­ka­ra de­re­je­sin­de öw­re­nil­ýär we giň­den wa­gyz edil­ýär. Bu ba­bat­da bi­lim eda­ra­la­ryn­da hem giň ge­rim­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly bir­nä­çe mas­la­hat­lar, söh­bet­deş­lik­ler ge­çi­ri­lip du­rul­ýar. Bu bol­sa mu­gal­lym­la­ryň tej­ri­be alyş­mak­la­ry­na, ta­lyp ýaş­la­ryň bol­sa, bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri­ne uly ýar­dam ber­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bi­ziň bi­lim oja­gy­myz­da hem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan «Mu­ham­met Baý­ram han Türk­men we türk­men hal­ky­nyň mert­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, adam­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri» ady bi­len wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly hal­ka­ra maslahat ge­çi­ril­di. Türk­men ha

Ylym — tükeniksiz hazyna

Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary esasynda milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga, olary geljekki nesillere ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz», «Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň tutýan ornuny pugtalandyrmak, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» atly wideomaslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden wekiller sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Ilkinji ylmy gözlegler ýaşlary ylym dünýäsiniň çuňluklaryna ruhlandyrýar

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik ylmyň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirilýär: ► nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

Kitap köňül nagşydyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde kitaphana hyzmatyny guramakda gazanylýan ösüşler we durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler giň ýol aldy. Munuň üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyşlaryny aýdýarlar. Okyjylar köpçüligine hyzmat etmek işini dünýä derejesine çykarmak, medeni we ruhy baýlygymyz bolan neşir önümlerini aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek, neşirleriň wagyz edilişini kämil we döwrebap usullar bilen işjeňleşdirmek kitaphanaçylaryň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň biz —kitaphanaçylar hakynda edýän tagallalaryna jogap bermek üçin yhlas edýäris. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda, ýaşlaryň kalbyna milliligi, watançylyk we wepadarlyk ýaly mukaddes duýgulary ornaşdyrmakda kitaphanaçylaryň üstüne uly jogapkärli wezipe düşýär. Bu işiň abraý bilen hötdesinden gelmek üçin ýaşlara kitaby dost tutunmagy maslahat berýäris. Bize gelýän ýaşlar bilen kitaphanalaryň, kitaphanada ornaşdyrylan elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanmagyň ýollary, özüne gerekli kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has hem köpelmegini gazanmaklyga çalyşýarys.

Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar

Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýalaryny öwrenmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan zehinli, kämil hünärmenleri ýetişdirmek we bu pudakda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmak babatdaky tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan döwrebap tehnikalardan baş çykaryp hem-de önümçilikde ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlarymyza berilýän döwrebap bilimleriň, okuw tejribeleriniň ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Talyplarymyzyň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde alyp barýan ylmy işleri oba hojalyk pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalardan netijeli we oňyn peýdalanmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr.

Kitap — egsilmez hazyna

Il arasynda: «Dünýäniň gapylary kitabyň üsti bilen açylýar» diýen ýörgünli aýtgy bar. Köp okamak, öz-özüňi kämilleşdirmek saňa dünýä gapylaryny giňden açmaga kömek edýär. Her gezek kitap barada söz açylanda, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy biygtyýar ýadyma düşýär. Onsoň serimde kitaby waraklap başlaýaryn. Eseriň wakalary ýuwaş-ýuwaşdan göz öňümde janlanýar. «Welmyrat aga gum içinde bir obada Magtymgulynyň goşgularyny agyr märekäniň uly höwes bilen diňläp, ondan lezzet alyp oturan pursadyna gabat gelýär. Ony özi-de diňläp, şahyryň öwüt-nesihatlaryna syny oturýar. Şol kitaby edinmegiň küýüne düşýär. Ahyrda-da ol maksadyna ýetýär. Bütin maşgalasynyň eklenç üçin gözüni dikip oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşýar». Kitapda beýan edilýän bu waka — durmuşyň bir pursady, kitabyň gymmatlydygynyň subutnamasy.

Ylym bagtyň gözbaşydyr

Ynsan üçin ylym we bilim bahasyz baýlyk, gymmatly hazynadyr. Şeýle baýlyga eýe bolan adamlar jemgyýetimize köp peýda getirmäge ukyplydyrlar. Hut şular ýaly başarjaň adamlaryň birleşen tagallalary netijesinde ýurdumyz düýpli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu misilsiz hakykaty nygtamak bilen, ylmydyr bilimi ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürýär we bu babatda möhüm resminamalary kabul edýär, giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Dünýä nusgalyk işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Bilim hakynda» Kanunyna laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde bu ulgamyň maddy-tehniki binýady düýpli gowulandyrylýar, täze ylym we bilim ojaklary açylýar. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak artykmaçlyk etmez. Ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meselelere ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde garalmagy döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary hakynda çynlakaý alada edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Sebäbi ata Watanymyzyň röwşen geljegi ýaşlaryň elindedir. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda edýän tagallalary deňsiz-taýsyzdyr. Şeýle aladalaryň netijesinde ýurdumyz kosmos döwletine öwrüldi. Ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak, iň öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan önümçilik desgalaryny gurmak boýunça-da uly mö

Da Winçi we ylym

Leonardo da Winçi diýlende, köpümiziň gözümiziň öňüne onuň ölmez-ýitmez sungat eserleri gelýändir. Sebäbi ol ajaýyp kartinalar bu günki gün dünýä şekillendiriş sungatynyň genji-hazynasy bolup durýar. Ýöne biz bu gün ussadyň beýikliginiň başga bir tarapy barada gürrüň etmekçi. Ýagny Leonardo da Winçi ähli döwürleriň iň gowy oýlap tapyjylarynyň biri hökmünde-de adyny taryha hemişelik ýazdy. Emma şol döwürde tehnologiýanyň ösmändigi sebäpli, oýlap tapan 100-den gowrak gurluşynyň köpüsiniň durmuşa geçirilenini görmek ussadyň özüne miýesser etmändir. Howa perleri. Bu taslama ägirt uly dikuçara çalym edýär. «Dikuçaryň» pyrlampaçlary kendirden ýasalypdyr. Eger olary uly tizlikde pyrlap bolsa, gurluşyň asmana galmagyny üpjün etjekdigini häzirki döwrüň bilermenleri-de tassyklaýarlar.

Ylym — kämillik we güýç-kuwwat

Ylmy we bilimi ösdürmek wezipesi islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary halkymyzyň buýsanjy hasaplap, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilimde, durmuş ulgamynda ýokary derejelere ýetmegi ugrunda ähli şertleri döredýär, bu babatda ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryna we täze tehnologiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmeklige, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaklyga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaklyga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bizde uly buýsanç döredýär. Ylym-bilim öwrenmek üçin alys menzilleriň müşgülliklerine döz gelen we rozugärini ekläp oturan guba düýesini köňül küýsegi bolan bir kitaba rowa gören ata-babalarymyzyň görüm-göreldesi hem bize ylym-bilimiň ähmiýetini doly açyp görkezýär.

Alym halypanyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz ylmy esasda öwrenilýär. Geçmişde ýaşan taryhy şahsyýetlerimiziň – şahyrlarymyzyň we alymlarymyzyň ömri-döredijiligi, bize miras galdyran edebi, taryhy, ylmy, pelsepewi eserleri bilen bir hatarda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşap, döredip, türkmen edebiýaty we dili, milli elipbiýi bilen baglanyşykly ylmy işleri arkaly yz galdyran alymlarymyzyň döredijiligi hem giňden öwrenilýär. Şeýle alymlarymyzyň biri-de dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Haýdar Muhyýewdir. Talyplyk ýyllarymyzda eýýäm alym halypamyz Haýdar aganyň dil bilimine degişli kitaplarydyr makalalary bilen ýakyndan tanyşdyk. Halypamyzyň S.Kürenow bilen bilelikde taýýarlan “Türkmen dilçileri” atly kitaby bizi türkmen dilçileriniň ömür-döredijiligi bilen tanyşmagymyza, derslerimizde peýdalanmagymyza uly mümkinçilik beripdi.

Günbatary maýyl eden sungat (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropada XIX asyryň başlarynda hem içgin öwrenilendigini öňe sürýär Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenilýändiginden siziň hem habaryňyz bardyr. Bütindünýä guramasynyň, aslynda, bütin dünýäniň hem ünsüni çekmäge mynasyp türkmen aýdym-saz sungaty hemmeleri özüne melul edýär. Eger Magtymguly Pyragynyň kitaby üçin guba düýe berlen bolsa, türkmen bagşylaryny telim aýlap müňlerçe kilometr ýoly geçip hem gelip diňlär ekenler. Şol sanda Ýewropadan hem. Ine, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Baýmyrat Annabaýew hem öz ylmy işini türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropadaky syýahatyna bagyşlady. Näme üçin, aýratyn, aýdym-saz sungaty? Näme üçin, ala-böle, onuň Ýewropadaky taryhnamasy?

“Yhlas bile bir kämile gol beren”

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şu setirlerini ýatlanymda, näme üçindir, ylym adamlary göz öňüme gelýär. Ine, belli alym, ylmy jemgyýetçilikde giňden tanalýan Aman Nigarow hakdaky makalany ýazyp başlanymda hem şu setirler bada-bat aňyma doldy. Alymyň işine hem zähmetsöýerlik, erjellik ilkinji şert bolup durýar. Uzak ýyllaryň dowamynda «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän ylmy gözlegleri alyp baran, I.A.Dubrowo bilen bilelikde «Türkmenistanyň gadymy pilleri», italýan alymlary F.Fanti, M.Kontessi hem-de P.Esenow dagy bilen bilelikde «Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar» atly kitaplaryň awtory Aman Nigarowyň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol 9 ýaşyndan işläp başlaýar. Uly ýaşly erkek kişileriň ählijesi urşa gidipdi. Esasy iş bolsa zenanlaryň, garrylaryň, çagalaryň gerdenine düşüpdi. Edil zähmetde bolşy ýaly, ol mekdepde okaýarka hem erjelligini görkezýär. Şonuň üçin bolsa gerek, 1949-njy ýylda Aşgabatdaky ýokary mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. 1953-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebiniň geologiýa-geografiýa fakultetiniň geografiýa hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Aman agany ylym barha özüne çekýär. Dag jynslaryny öwrenmek, olaryň haçan we nähili şertlerde emele gelendigini kesgitlemek ylmyň öňünde duran çözülmesi möhüm meseleleriň biridi. Şu ýerde hem ykbal Aman agany erjelligi, zähmetsöýerligi üçin y

Nusgawy edebiýatda metaforalar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlary boýunça nazary derňewleri netijeli alyp barmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzy täze üstünliklere, belent özgertmelere ruhlandyrmakda egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň döreden baý milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek işine hem uly üns berilýär. Mugallymçylyk kärini ele alyp, ylmy gözleglere aralaşyp, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň özboluşly aýratynlygyna üns bermezlik asla mümkin däl. Çünki nusgawy edebiýatymyza, köküni geçmişiň gatlaryndan alyp gaýdýan halk döredijiligimize ýüzlenip, çuňňur pikir ýöredişe, ylmy nukdaýnazara ýugrulan ajaýyp milli baý edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şu makalada hem nusgawy edebiýatda we halk döredijiliginde guşçulyk leksikasyna degişli sözleri düýpli derňemegi makul bildik. Bu bolsa dilimiziň many kökleriniň örän giňdigine, onuň mümkinçilikleriniň örän uludygyna, heniz türkmen dilinde düýpli öwrenilmeli sözleriň örän köpdügine doly şaýatlyk edýär.

Ylym — uly güýç

Hormatly Prezidentimiziň golaýda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň meselelerine bagyşlap geçiren iş maslahaty bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz bu ugry ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil, döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda, aýratyn hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işi bilen bagly berlen tabşyryklar geljekki işimize özboluşly badalga berdi.