"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Türkmen arheologiýasynyň meşhur alymy

Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik Wiktor Iwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy. Şol gazuw-barlaglara köp ýyllaryň dowamynda onlarça arheologlar, ýüzlerçe gazuwçy işgärler, şol sanda Oraz Babakow, Tirkeş Hojanyýazow, Ejegül Myradowa, Berdi Ödemyradow ýaly belli alymlarymyz we beýlekiler gatnaşdylar. Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan «Awestada» ady agzalýan Mouru, biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň adaty gürrüňçiliginde, pikir alyşmalarynda bolsa, «Marguş» we «gadymy Margiana» diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi endigan poslasa-da, onuň içki diwary tegmil görnüşinde poslama duçar bolýar. Daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen damjalaryň po

Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler. Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar. Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.

Dil bilimini çuňňur öwrenýän alym

Geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde talyplar okap, ýokary bilim alýardylar. Şu ýerde 1961-nji ýylyň dekabr aýynda talyp bilen mugallymyň arasynda garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçen bir waka ýadymda galypdyr. Talyp okuwynyň soňky ýylynda grammatikanyň «Morfologiýa» bölümi boýunça synag tabşyrýan wagty mugallym bilen onuň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir. Talyp soragnamada bellenen soraglara kanagatlanarly jogap berýär. Ol synag alýan mugallymyň soraglaryna-da degişli jogaplary beren bolmaly. Mugallym onuň bilen içgin gyzyklanyp başlaýar:

Nebitgazyň gözleg işlerini ýokarlandyrmagyň ygtybarly usullary

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şeýle tutumly işler geologiýa-gözleg işlerini alyp barmakda hem aýdyň duýulýar. Nebitgaz pudagynda geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmagyň esasy maksady nebitli, gazly ýataklary kesgitlemek, olaryň gor mukdaryny anyklamakdyr. Munuň üçin nebitiň, gazyň mukdaryny takyklaýan köp dinamiki usuldan peýdalanylýar. Şeýle usullaryň hatarynda maddy balans we gatlak basyş usullary has tapawutly we netijeli hasaplanylýar. Nebit we gaz känleri üçin olaryň geologiýa we tehnologiýa üýtgeşikligini göz öňünde tutup, her bir käne degişli maddy balans ulgamyny düzmek köp känlerde nebitiň, gazyň mukdaryny anyk takyklamaga mümkinçilik berýär.

Desgalaryň geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda ägirt köp möçberli tebigy gazy netijeli peýdalanmak, ony gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli polimerleri öndürmek nebitgaz toplumynyň geljekde esasy wezipeleriniň biri bolup durýar» diýip, belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden ugur alyp, işleri takyk esasda amala aşyrmakda känleriň geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak esasy meseledir. Geologiýa-gözleg işlerinde birnäçe aýratynlyklar ýüze çykýar. Olara geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklar, nebitgazly gatlaklaryň çuňlugy, gatlaklaryň çäkleriniň özara gabat gelşi degişlidir. Şeýle-de gatlaklaryň litologiýa häsiýetleri, sygymlylyk — geçirijilik ukyplary we berkligi, umumy netijelilik, käniň galyňlygy we dykyzlygy, şol sanda iň ýokary dykyz gatlagyň galyňlygy hem degişlidir. Bularyň özi netijelilik taýdan örän bähbitli çözgütlerdir. Ýokarda aýdylanlardan başga-da, gatlaklary synamagyň netijeleri, gidrodinamik usullar bilen kesgitlenilen syzylma görkezijileri, dürli kadalarda guýa nebiti, gazy berýän gatlaklary ýüze çykarmagyň usullary, nebitiň, gazyň fiziki-himiki we harytlyk häsiýetleri, gatlaklardaky daşky basyş we olaryň özara gatnaşyklaryny takyk derejede seljermek desgalaryň geologiýa — promysel usullarynyň esasy aýratynlyklarydyr.

Tebigy gazlar taýýarlanylanda we ugradylanda desgalarda gidratlaryň döremeginiň aýratynlyklary

Gazy we gaz kondensatyny işläp taýýarlamakda we ugratmakda tehnologik ýagdaýlarda uly kynçylyklar ýüze çykýar. Sebäbi çykýan tebigy gazyň düzüminde çyglylyk, agyr uglewodorodlar we saklanýan suwuklygyň mukdary artykmaçlyk edýär. Gazyň temperaturasy pese düşse we basyşy ýokary bolsa, gidrat döreme we gidratly beklenme emele gelýär. Çyg tebigy gazyň akymynyň sowap, dörän gidratlar gaz geçirijilerini bekläp, tehnologik düzgünleriniň bozulmagyna we gazyň uly ýitgilerine getirýär. Gidrat daşky görnüşi boýunça buza ýa-da gara meňzeş ak kristal jisimdir. Ilkinji gezek gidrat 1888-nji ýylda Katson tarapyndan metandan alynýar. Uglewodorod gidratlary — bu belli bir termobariki şertlerde gazdan we suwdan kristal görnüşinde döreýän birleşmeler toplumy bolup, käte gaty madda (buz), käte port gar görnüşli ýagdaýlarda bolup bilýär. Gaz geçirijilerinde gidratlar bilen göreşmegiň esasy usullarynyň biri metanoly ulanmakdyr. Gazyň basyşyny peseltmek we ýylylygyny deňagramlylyk ýagdaýyna görä ýokarlandyrmak arkaly gaz gidratlary aňsatlyk bilen dargaýarlar, emma şu usullary ulanmaklygyň özi birnäçe tehnologik kynçylyklar bilen baglydyr. Tehnologiýa tilsimatlarynda gidratlar gaz öndürmekligiň ösüşine oňaýsyz täsir edýär. Bu ýagdaý diňe demirgazyk-gündogar ýataklarynda däl, günorta-gündogar ýataklarda-da gyş paslynda gaz guýularynyň sakalarynda we geçirijilerde duş gelýär. Tebigy gaz guýularda

Duşuşyk geçirildi

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň we önümçilik düzümleriniň hünärmenleri «Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezinde kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçýärler. Tapgyrlaýyn häsiýetdäki okuwlarda diňleýjiler ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen tanyşdyrylýar, olar toplumyň önümçiliklerinde, ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde, laboratoriýalarda bolup, tejribe we ders sapaklaryny geçýärler.

Ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her güni täze ösüşlere beslenýär, ähli ulgamlarda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň we gülläp ösüşiň ýurdy hökmünde tanalýan ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler hem-de özgertmeler halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Onda bilim ulgamyny elektron maglumat binýady bilen üpjün etmek göz öňünde tutulandyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baý tejribe toplandy. Iň täze kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy ösdürmäge üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sanly ulgam — üstünlikleriň binýady

Sanly bilim ulgamy bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron kitaplar, elektron seminarlar, uzak aralykdan bilim bermek ýaly degişli usullar esasynda kämilleşdirmekdir, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermekde we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamakda peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde adamlaryň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy mümkinçilikleriniň çäksizdigi bilen hem tapawutlanýar. Çünki sanly bilim nazary we amaly okuwlary netijeli guramaga, ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanyp, ýaş nesliň täzeçe pikirleri, düşünjeleri almagyna-da ýardam edýär. Ýaş nesillerimiz Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakyndaky atalyk aladasyna döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan yhlasy bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Olar özleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daýanjydygyna, geljekde ýurdy dolandyrmaly adamlardygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçinem bilimi durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüp, berk bedenli, sagdyn ruhly, maksada okgunly bolup ýetişmegi esasy maksady hasaplaýarlar. Muny okuwçylaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde, olaryň gazanýan üstünliklerinde görýäris.

Gymmatly gollanma

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmeklige döwlet derejesinde ähmiýet berýär. Dünýäniň ösen ýurtlary bilen bilim ulgamynda sanly aragatnaşyklar ýola goýulýar. Häzirki wagtda bilim ulgamy öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarylýar, halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz bu hakda söz açyp: «Halkara bilim prosesine işjeň integrirlenmek, halkara hyzmatdaşlygyny we dünýäniň esasy ylmy hem-de bilim merkezleri, beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen tejribe alyşmagy ýola goýmak biziň bilim syýasatymyzyň örän möhüm bölegi bolup durýar» (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. A.: TDNG. 2009. 27 sah.) — diýip belleýär. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet işleriniň hili ýokarlandyrylýar, professor-mugallymlar tarapyndan döwrebap okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar, utgaşyklykda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň gelejegi bolan bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmeklige oňyn täsirini ýetirýär.

Çeper terjime we internet terjimesi

Halkymyzyň arasynda köp dil bilmek hem bir nygmat hasaplanylýar. Häzirki döwürde ýokary tizlikli internetiň elýeter mahaly dünýä dillerini öwrenmek mümkinçiligi has-da ýokary. Dilleri ilkinji ýazuwyndan başlap öwredýän gollanma-programmalar, dürli görnüşdäki kitaplar ýa-da ýörite saýtlar zerur bilim gory, maglumatlar bilen üpjün edýär. Esasy zat haýsy dili öwrenmek isleýändigiňi öňünden anyk kesgitlemek hem-de bu gelen kararyňy mäkäm ýüregiňe düwmek. Niýet çuň, maksat beýik bolanda işleriň öňe ilerleýşi göwnejaý bolýar.  Daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesiňi artdyrýan aýratynlyklaryň biri hem şol dili öwrenip, özleşdirmek bilen özüňe — geljekki ykbalyňa nämeler gazandyryp biljekdigiňi göz öňüne getirmekdir. Daşary ýurt dilini söwda, telekeçilik, döredijilik, ylym-bilim, syýahat maksatly öwrenip bilersiňiz. Bularyň birini ýa-da ählisini hem saýlap bilersiňiz. Düşnükli hem-de aýdyň maksatlar ynsana güýç-gaýrat berýän, üstünlikli ýollarynda goşa ganat bolýan zatlardyr. Dil öwrenmekden maksat diňe gürleşmek, pikir alyşmak hem bolup biler. Belki-de, dilmaç, terjimeçi bolmak hyýalyňyz bardyr. Ýa-da şol dillerdäki täzelikler, habarlar bilen tanyşmak isleýänsiňiz. Belki-de, edebi-çeper, ylmy edebiýatlary terjime edip, naýbaşy eserleri, paýhasly sözleri, ähmiýetli düşünjeleri okyjylar bilen paýlaşmak meýliňiz bardyr. Bularyň her biri şol dili düýpli öwrenmegi talap

Täsin we täsirli iňlis dili

Iňlis dili — ünsüňi sähel salymlygam sowup bolmaýan dartgynly detektiw esere çalymdaş bir zat. Şol bir wagtda ony kädaýym eliň tersi bilen zyňyp goýbermäge hyýal etdirýän okuw kitabyna hem deňäberesiň gelýär. Iňlis dili diýseň owadan, täsirli hem-de köp aýratynlygyna anyk düşündiriş berip bolmaýan, islendik düzgüninde köp sanly kadadan çykmalara duş gelinýän çylşyrymly dildir. Ýöne hut şu aýratynlygy hem ony öwrenmesi hezil dile öwürýär. Indi-hä hemmetaraplaýyn özleşdirendirin diýersiňem welin, garaşylmadyk ýerden bulaşyk bir söz öwrümi bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Aslynda, täze-täze zatlary öwrenmek — yzygiderli ösüşiň hut özeni dälmidir eýsem?!

Geologlaryň üstünlikli işleri

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy işleri üstünlikli alyp barýar. Korporasiýa 2021-nji ýylyň dowamynda nebiti, gazy, gaty magdanlary, gurluşyk materiallaryny we ýerasty suwlary gözlemek hem-de barlamak maksady bilen geologiýa-gözleg işlerini ýerine ýetirýär. Nebit we gaz ýataklarynda hem-de geljegi bar bolan meýdançalarda meýdan geofizika, çuň buraw işlerini amala aşyrýar. Işler nebite we gaza geljegi bar bolan ýerasty gurluşlary tapmak, olaryň geologik gurluşyny öwrenmek hem-de çuň burawlama taýýarlamak, täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksadyndan ugur alýar.

Nebit we gazhimiýa pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenler — döwrüň talaby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny halkymyz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary hem ýokary ruhubelentlikde garşylaýarlar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary ýurdumyzyň nebitgazhimiýa pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşýarlar.

Parafin çökündilerini arassalamagyň täze usuly

Guýularda geçirilen önümçilik-synag işlerinde pirobenziniň guýularyň NKT-de emele gelýän asfalten-şepbik-parafin çökündilerini kanagatlanarly arassalaýanlygy anyklanyldy. Geçirilen barlag işleri kondensatyň eredijilik netijeleriniň pirobenziniň eredijilik netijesinden pesdigini görkezdi. Mundan başga-da, barlaghana şertinde guýynyň düýpýaka zolagyndaky AŞPÇ-ny arassalamak ukybyna tejribe-synag işleri hem geçirildi. Geçirilen barlag işlerine nebitgaz känleriniň dürli çuňluklaryndan alnan hakyky kern daşlary we nebit käniniň AŞPÇ-nyň nusgalyklary hem-de harytlyk nebiti ulanyldy. Tejribe-synag işleri gatlak şertlerine ýakyn ýagdaýda geçirilip, gerekli basyş we ýylylyk derejeleri we şertleri döredildi. Alnan barlaghana maglumatlaryna esaslanyp, guýynyň düýpýaka zolagynda we NKT-de ýygnanýan AŞPÇ-ny arassalamak üçin Gyýanlydaky polimer zawodynyň goşmaça önümi bolan pirobenzini ulanyp, nebit guýularynda önümçilik tejribe-senagat synag işlerini önümçilikde geçirmek teklip edildi.

Gowaçanyň orta süýümli «Tohu — 17» sorty

Gowaçanyň «Tohu-17» sorty «Gossupium hirsutum» görnüşine degişli bolmak bilen, görnüşiçre daşlaşdyrma usuly bilen döredildi. Gibridleşdirme 1996-njy ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki ylmy-önümçilik synag hojalygynyň (öňki Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty) tejribe meýdançalarynda geçirildi. Bu sortuň ýönekeý gibridi institutda saklanylýan, «Hindistan» nusgawy sort bilen çylşyrymly gibridleşdirmeden döredilen «Li-8109» sorty özara çakyşdyrylyp alyndy. Soňra bu gibridiň 1-nji neslinde, önümçilikde giňden ekilýän gowaçanyň orta süýümli «133» sorty bilen gaýtadan çakyşdyrma geçirildi (F1(Hindistan x Li-8109) x 133). «Hindistan» süýüminiň ýokary çykymlylygy (40 — 41 göterime çenli), «Li-8109» süýüminiň ýokary hili (2 — 3-nji tiplere degişli), «133» bolsa ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýardy. Gibridleşdirme «Hindistan» nusgawy sortunyň ýokary süýüm çykymlylygyny, «Li-8109» sortunyň süýüminiň ýokary hilini we gozasynyň iriligini, «133» sortunyň ýokary hasyllylygyny bir sortda jemlemek maksady bilen geçirildi. Sortuň ilkinji saýlantgy ösümligi 2002-nji ýylda saýlanylyp alyndy. 2009 — 2010-njy ýyllarda ilkinji, 2011 — 2013-nji ýyllarda bäsleşik, 2014 — 2016-njy ýyllarda «Ýolöten-49» ady bilen döwlet sort synag meýdançalarynda, 2019 — 2020-nji ýyllarda bolsa, «Tohu-17» ady bilen (Tohu-Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 17 — 2017-nj

Tehnologiýalar merkezinde

Şu ýylyň 27 — 30-njy iýuny aralygynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde, 29-njy iýunda wekiliýet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine aýlanyp gördi. Bu ýerde myhmanlary merkeziň ýolbaşçy düzümi garşylady we köpugurly ylmy barlaghanalarda işleýän hünärmenler olary ýerine ýetirilýän ylmy-tehnologik işler bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, alym Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Tehnologiýalar merkezinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynda ýurdumyzda ozal geçirip bolmaýan, täze ylmy tejribeleriň geçirilýän Nanotehnologiýalar barlaghanasynda nanogatlaklaryň, nanobölejikleriň we nanoturbajyklaryň alnyşy hem-de olaryň elektron mikroskop we beýleki barlaglarynyň geçirilişi görkezildi. Iş sapary bilen gelen wekiliýet gözel paýtagtymyza, şol sanda Tehnologiýalar merkezine aýlanyp, özlerinde galan gyzykly täsirler barada aýtdylar we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlaryny bellediler.

Tebigat — tämizlik çeşmesi (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp gowaça çöpünden we buýan kökünden taýýarlanan tämizleýji serişdäni önümçilige hödürleýär Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyndaky ykrarnamalarynyň biri onuň binalaryndaky ak mermerler bilen baglydyr. Ak umytlaryň, ak niýetleriň, ak ýollaryň ak şäheri Aşgabat, hakykatdan-da, her kimde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Elbetde, bu täsinlikde mermer binalaryň gurluşykçylarynyň mynasyp paýy bar. Gurluşygyň hysyrdyly işleriniň biri hem mermerlerdir kafelleri dürli serişdeler bilen tämizlemek bolup durýar. Eger bu iş henize çenli düzüminde himiki garyndylar bolan serişdeleriň üsti bilen geçirilen bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Sylap Sylabow şeýle serişdeleri gowaça çöpünden we buýanyň gabygyndan öndürip boljakdygyny ylmy taýdan subut etdi. Bu başlangyç talyp ýigidiň «Tebigy ekologiki arassalaýjy serişdesi» atly ylmy işinde öz beýanyny tapýar.