Ylym — kämilligiň açary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda ylma, sanly tehnologiýalary ösdürmäge yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy okuw sapagynda taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyzyň ylymdan üzňe ýaşamandyklaryny, häzirki döwrüň ýaşlarynyň pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýändiklerini, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlaryň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidiklerini aýratyn belledi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmak, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esasla