"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Milletiň ruhy keşbi

Goja taryhymyza ser salanymyzda, şu günki türkmen Tugunyň geçen ýolunyň hem halkymyzyň özi ýaly, gadymyýetden gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýä meşhur akyldarlar, haýsam bolsa bir döwletiň geçmişini, şu gününi, geljekki tutumlaryny bilmek, halkynyň ruhy dünýäsine düşünmek isleseň, şol döwletiň baýdagyny içgin synlamalydygyny aýdypdyrlar. Hut şoňa görä-de, baýdak tutuş döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň ruhy keşbiniň aýnasy hasaplanylýar. Ol her bir özbaşdak döwletiň durmuşynda, onuň halkynyň ykbalynda baş nyşanlaryň biri hökmünde möhüm orny eýeleýändir. Döwlet baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny, mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan nyşan bolup, ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Baýdak taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ilkinji tuglar Müsürde we Hytaýda peýda bolupdyr. Tuglar, tuwulgalar goşunbaşylara söweşde ugurlaryny kesgitlemäge, soňlugy bilen bolsa döwletleri parhlandyrmakda ýardam beripdirler. Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy, täze döwletiň döremegi jar edilenden soň, geçirilýän ilkinji dabaraly çäre bolupdyr.

Bileniň — baýlygyň

Dünýä çöllükleri √ Siriýa çöllügi — Siriýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň we Saud Arabystanynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy meýdany 1 million inedördül kilometr. Ortaça temperaturasy: gyşyna -70 С, tomsuna +300 С. Siriýa çöllügi esasan çägelik ýerlerdir. Ir döwürlerde düýe kerwenleri Ortaýer deňzi bilen Mesopotamiýanyň arasynda gatnaw edipdirler. Häzir bu çöllügiň üstünden goňşy ýurtlary birleşdirýän ýokary tizlikli awtoýollary geçýär.

Taryhy tutumlara beslenýän döwür

Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilmegi, üstünlikleriň üstünliklere ulaşmagy berkarar Watanymyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki ornuny berkidip, abraý-mertebesini has-da belende göterýär. «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýip nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary ajaýyp zamanamyzda rowaçlyga beslenýär. Peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän täze sepgitler bu mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, köňüllerdäki buýsanjy goşalandyrýar, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan döredijilikli zähmeti has-da joşdurýar. Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli ugurlarynyň kemala gelmegi durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri ýokary depginlerde alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklara işjeň häsiýetiň mahsus bolmagy, iri halkara taslamalara köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen bir hatarda, milli ykdy

Kuwwatly döwlet — bagtyýar halk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän  döwletli tutumlar her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny has-da belende göterýär. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýetilen belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijileriň, eziz Diýarymyzyň has-da gözelleşen şäherleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň binagärlik keşbiniň, ýylba-ýyldan sany artýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, döwrebap zawod-fabrikleriň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň, durmuşymyzyň bezegine öwrülen döwletli tutumlaryň, özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Garaşsyzlyk bagty

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýy barha golaýlaýar. Bu toýa halkymyzyň aýratyn ähmiýet bermegi ýönelige däl. Çünki Garaşsyzlyk külli türkmen halkynyň baş baýramydyr, naýbaşy toýudyr. Bu sene bagtyýar ulus-ilimizde has giňden bellenýär, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaňa beslenýän dabaralar geçirilýär. Garaşsyzlygyň geçen ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyny çäksiz buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Gysga taryhy döwürde Diýarymyzyň giňişliklerinde täze, döwrebap obalar, şäherdir şäherçeler peýda boldy, ilatly nokatlarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar guruldy. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Ýokumly we datly miweler

Bagtyýar çagalar — eşretli ertirimiziň eýeleri

Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän, kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada säher bilen başlan baýramçylyk şowhuny, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary daş-töwerege şirinden-şirin owazlary bilen ýaň salyp, bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyşyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Il-ýurt bähbitli möhüm ädimler

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek barada ileri tutulýan wezipelere garalar. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýar.

Halk häkimiýetiniň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi raýat jemgyýetini has-da kämilleşdirmäge, halk häkimiýetiniň milli nusgasyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle hem döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup, bu ugurda dünýä nusgalyk işler üstünlikli dowam edýär. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda guralýan maslahatlarda we duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle ähmiýetli işlere ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Çünki watandaşlarymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmek ugrundaky özgertmelere goşant goşmak biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalardan ruhlanyp, ilatyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işlerini yzygiderli wagyz ederis.

Erşi — tar, çitimi — aýdym

Haly hakynda öň hem köp zatlar aýdylypdyr. Rowaýatlar, tymsallar, nakyllar döräpdir. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp kitaplaryny ýazdy. Ine, şu ýagdaýlaryň özi hem halynyň diňe maddy gymmatlyk bolup çäklenmeýändigini, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda-da aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar. Halyçylyk sungatyna türkmen halkynyň durmuşynyň, häsiýetleriniň, dünýägaraýşynyň şöhlelenmesi diýip bolar. Ýaşaýşyň, dünýäniň gözelliklerini aýratyn ýitilik bilen duýýan, pany jahany elmydama oňyn tarapdan görüp, ähli ruhy, aňyýet, döredijilik güýjüni durmuşy gözelleşdirmäge sarp edip gelen halkymyzyň halyçylygy diňe bir sungat derejesine ýetirmek bilen çäklenmän, öz durmuşynyň köp taraplaryny, ýagny adamçylyk gatnaşyklary, ynsaplylyk, işe yhlas, sabyrlylyk, edep-ekram, hoşniýetlilik ýaly iň oňat häsiýetleri terbiýelemegiň, ýüze çykarmagyň inçe senedi hökmünde kämilleşdirendigi bellidir.

To­mus­da ke­sel­den go­ran­mak üçin...

Dür­li mi­we­le­riň­dir gök önüm­le­riň ýe­tiş­ýän döw­rün­de gyş üçin iş­däa­çar­la­ry, mü­rep­be­le­ri, gaý­nat­ma­la­ry taý­ýar­la­ýan ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň bu gün­ler hy­syr­dy­sy ýe­tik bol­sa ge­rek. Biz hem dür­li ke­sel­çi­lik­le­riň ýü­ze çyk­maz­ly­gy üçin hök­ma­ny su­rat­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler ba­ra­da söz aç­ma­gy ma­kul bil­dik. Bo­tu­lizm­den ägä bo­luň!

Türkmenistanyň wekiliýeti IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy.Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşýan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy. Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ählumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» atly ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy boldy.

HALK MASLAHATY – SYÝASY JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen döwlet gurmagyň baý tejribesi, şöhratly ýoly, nusgawy milli demokratik mekdebi bar. Oguz hanyň döwründen bäri akylly, paýhasly, tejribeli ýaşululara geňeş salyp, maslahat etmek däbi ýörgünli bolupdyr. Adalatlylygy bilen belli bolan Oguz türkmen döwletiniň, Seljuk türkmenleriniň döwletiniň, Osman türkmenleriniň döwletiniň ählumumy halk ýygnagy esasynda döredilendigi taryhdan mälimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmak işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berip, demokratik institutlar ösdürilýär, raýat jemgyýeti kemala getirilýär, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslary pugtalandyrylýar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli çäre gurady

14-nji awgustda Belarusuň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň — Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady. Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Özbegistanda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy

16-njy awgustda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ýa­dy­gär­li­gi ha­ty­ra­lan­yldy

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 2024-nji ýylyň 12-nji aw­gust­ynda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ata­sy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyb­la­sy, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň nus­ga­lyk öm­rü­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di.

Şahyryň dilinde — Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtamak bilen, ýene şeýle ýazýar: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, //Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk»... Milli Liderimiziň şu we beýleki eserlerinde, şol sanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynda parasatly söze, milletiň erkinliginiň, garaşsyzlygynyň, berkarar döwletliliginiň, ynam-ygtykatynyň gymmatyna, adamzat ýaşaýşynyň manysyna düşünmegiň altyn açary bar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň eserlerine halkymyzyň erkinlik, berkarar döwlet baradaky baş arzuw-umydynyň, dünýäniň islendik halky üçin gymmatly röwşen sözleriň siňendigini nygtaýar. Magtymguly öz halkynyň, şeýle-de tutuş adamzat nesliniň parahat, dostlukly, halal, bagtly durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly iň kämil pikirleri aýdyp gidipdir. Ol pikirler mydama ähmiýetli bolup gelipdir we dünýäniň şu güni, geljegi üçin hem ähmiýetlidir.

Baky bagtyň binýady

Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň baky bagtydyr, ýurdumyzyň ösüşleriniň berk binýadydyr. Eziz halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti şanly Garaşsyzlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny aýdyň beýan edýär. Bu beýik işlere buýsanmak, Watanymyza guwanmak, şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlamak indi asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň beýik maksatlarynyň durmuş ýüzünde amala aşmasydyr. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam edýän mukaddeslikdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde öz ornuny berkidýär, ösüşiň we parahatçylygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz daşary syýasatda öz alyp barýan parahatçylyk söýüjilik ugruny anyk beýan edýär. Döwletimiziň parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesinde öz beýanyny tapdy.

Azi­ýa­nyň dür-mer­je­ni

Paý­tag­ty­myz­da iri gur­lu­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar Aş­ga­bat ýyl­sa­ýyn ös­ýär, öz­ger­ýär. Gaý­ta­lan­ma­jak mil­li we döw­re­bap bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik iş­le­ri dün­ýä nus­ga­lyk bo­lup, ýur­du­my­zyň aja­ýyp hä­zir­ki gü­nü­ni we röw­şen gel­je­gi­ni dün­ýä ýaý­ýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Baý­ram­çy­lyga sow­gat