"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Döredijilik dünýäsi

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 EJE, BAS ME­NI BAG­RY­ŇA!

Duýguly dünýä

EÝ, JAN Ýagyş ýagýar, suwy läbikdir,Eý, jan.Aram berseň, nebsim lälikdir,Eý, jan.Muhabbetiň göwni näzikdir,Eý, jan,Düşdügim yşk dälilikdir,Eý, jan.

Salam, mugallym! (Oýlanma)

Uniwersiteti tamamlap, işe başlaýan uçurlarymyň ýakymly ýatlamalary hiç wagt ýatdan çykmasa gerek. Durmuşda özüňe mynasyp ady almagam, ornuňy tapmagam esasy zerurlyklaryň biri bolýar. Okuwçylaryň: «Salam, mugallym-da, salam, mugallym!» boluşlary iň bir tolgundyryjy pursatlaryň biridi. Entek özüňi olardan tapawutly görmeýän halatyňda saňa: «Mugallym» diýip ýüzlenmekleri gulagyňa hoş ýakýar. Iň bir arzylanýan ada, ähmiýetli orna eýe bolandygyňa düşünýärsiň. Bu örän ýakymly duýgy. Ýöne bu at, nähili ýakymly eşidilýänem bolsa, oňa mynasyp bolmagyň jogapkärçiligi, dogrusy, endişelendirmänem duranokdy. Türkmen halky yrymçyl halk. Dünýä inen çaga at dakanlarynda onuň geljegi bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar edip, at saýlapdyrlar. Ýöne her bir adama ata-enesiniň beren adyndan başga il içinde hem hökman bir at berilýär. Bu barada rowaýatlara ýüzlenseg-ä, her adama bitiren işine görä at beripdirler. Häzir bolsa, köplenç, meşgullanýan kär-hünäriňe, gylyk-häsiýetiňe görä at dakýarlar, ýa bolmasa-da adyňy gysgaldýarlar. Ynha, meselem, maňa kiçilikden bäri köp ýerde: «Daňňy» diýip ýüzlenýärler. Ýogsa-da, kiçikäňiz siziňem adyňyzyň gysgaldylan gezekleri bolupmydy? Elbetde, bolandyr-la. Kinofilmdir multfilmiň gahrymanyna, ýa bolmasa bir futbol oýunçysyna-da hökman meňzedilensiňiz?! Meni bolsa goňşularymyzyň «Ram we Lakhan» atly hindi filmindäki Lakhanyň çagalygyna meňzedýändikleri ýadymda.

Güýzden söz açyp (Talybyň ýandepderçesinden)

■ Güýz — dürli reňkleriň bir ruha ýerleşen pasly. ■ Her kimiň bu dünýä gelenden soň, öz etmeli işleri bar. Güýzüň işi — dertleşmek.

Ylham joşguny

WATAN Men seni hiç zada bilmerin deňäp,Ornuň kalpda, Özge zatlar seň bagryňda jemlenen.Atam sende Hak hem halk sözün diňlän,Enem sende hüwdi bilen hiňlenen.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Beýik işleri beýik ynsanlar amal edýärler. Sebäbi olaryň dünýäsi, pikiri-oýy diňe gowulyklara, gülzarlyklara, ähli ajap barlyklara beslenendir. Diýarymyzda bitirilýän ähli beýik işleriň sakasynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durandygy guwandyrýar. Buşlugy, hoşlugy, egsilmez joşguny bilen gelýän her bir günümiziň gujagy toý-baýram. Beýikden-beýik ýeňişler, uludan-uly ösüşler gazanylýar, çar ýandan gelýän hoş habarlar dünýämize dolýar. Taryhy wakalaryň, ençeme açyşlaryň şaýady bolduk, bolubam ýörüs. Bu barada dynman-dynman saýrasa bolar.

Köňülleriň güzeri

Arkadagyň eserlerinde Türkmeniň geçmişi, geljegi beýan,Arkadagyň kämil eserlerinde.Şöhratly ýolumyz jahana aýan,Eziz Arkadagyň eserlerinde.

Okamak höwesinde

Magtymguly atamyz ilkinji sowady öz atasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Bilimini oba mekdebinde dowam edýär. 1747-nji ýylda Nedir şa öldürilenden soň, mejbury edilip äkidilen, şa köşgünde köp ýyllar mürze bolup işlän Nyýaz Salyh diýen adam gerkezleriň arasyna gelip ýaşaýar. Ol türkmenleriň ärsary taýpasyndandyr. Ol özüniň edepliligi, sowatlylygy bilen adamlara ýaraýar. Ony oba mekdebine, şu günki dil bilen aýdanyňda, mugallym edip goýýarlar. Magtymguly atamyz ondan köp ylym öwrenýär. Nyýaz Salyh gören ýurtlary, gezen ýerleriniň geň-taňlyklary barada gürrüň berýär. Hywadaky, Buharadaky we Eýrandaky medreseler barada köp zatlary aýdýar. Birnäçe ýyl geçip, syýasy ýagdaýlar durnuklaşanda, Nyýaz Salyh öz ýurduna — Lebaba gaýtmak isleýär. Ol iru-giç Magtymguly okuwyny dowam etmek islese, özüni gözläp tapmagyny, ýagny Idris baba gelmegini tabşyrýar. Haçanda, Magtymguly kämillik ýaşyna ýetip, okamak islegi dörände, ilki bilen, häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynyň golaýyndaky Idris baba medresesine barýar. Ol Idris baba medresesine baranda, birnäçe ýyl öň Nyýaz Salyhyň dünýäden ötendigini eşidýär. Onda-da, okuwyny dowam etdirýär. Medresede alyp biljek bilimini alandan soň, ol ýerden gidip, halypa gözleginde gezýär. Rowaýata görä, ol özüne halypa gözläp ýörşüne Nyýazguly halypanyň hanasyna (düşelgesine) barypdyr. Gapynyň agzynda nobatçylyk edip oturan sopa piriniň

Magtymguly hakynda halk rowaýatlary

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyraga ýokary baha berýär. Geçmiş taryhymyzda uzak ýyllaryň dowamynda söz ummanynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine degişli dürli rowaýatlar döredilipdir. Halk rowaýatlary dilden-dile geçip, soňra alymlaryň hem-de edebi mirasy öwrenijileriň hyzmaty netijesinde, ýazuw üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halk rowaýatlary durmuşyň aýnasy, göwünleriň çeper ýazgysy hasaplanýar. Her bir rowaýatyň gymmaty, öňi bilen, onuň terbiýeleýjilik ähmiýetine eýeligindedir. Ruhy islegi ganatlandyrmakda rowaýatlar esasy çeşme hasaplanýar. Halk rowaýatlarynyň ýene-de bir aýratynlygy, hyýaly ýagdaýda bolsa-da, okyjyny beýan edilýän wakanyň jümmüşine ataryp, göz öňüne getirmäge ýardam edýänligindedir. Muňa beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanyşykly rowaýatlaryň käbirinde hem göz ýetirmek bolýar.

Şygryýet

Köňül senasy Ýaş ýigide, jahyla,Çyn aşyga — Tahyra,Guýmagursak şahyraDessandyr Magtymguly.

Engam (Hekaýa)

Babamyrat aga günortanlyk naharyny iýip bolanlaryndan soň, göwnünde beslän niýetini aýtmagyň ýeri geldi hasap etdi. Nahara töwir edensoň, ogullaryna birlaý nazaryny aýlady, soňam göwnündäkini dile getirdi: — Tüweleme, bu ýyl kärende ýeriňizden alan hasylyňyz çakyňyzdanam gowy boldy. Yhlasam etdiňiz. Şoňa laýyk topragam bereket eçildi. Gazananyňyz ýagşylyga ýarasyn! Eliňize lomaýja pul düşen wagty oňa ýer tutdursaňyz-a gowy bolardy.

Çagalygymyň duralgasy (Hekaýa)

Ýaşan ömürlerinde ajyny-süýjini dadyp, başdan geçirilen her bir pursatyňdan nämedir bir zady öwrenip, olary durmuş sapagy edinen nurana dünýäniň — ene bilen atanyň, mama bilen babanyň ornunyň agtyklary üçin nähili uludygyny ýanjap oturmagyň hajaty ýokmuka diýýän. Çagalygymy ýatlasam, ilki bilen, enemdir atamyň didary göz öňümde janlanýar. Olar bilen geçen günler — çagalygymyň iň bagtyýar duralgasy. Suw deýin akyp giden ýyllaryň aňrysynda galan mähriban keşplerini ýada salsam, kalbymy üýtgeşik duýgular gaplap alýar. Çaga dünýäsiniň gaýgy-aladasyz günleriniň ýakymly ýatlamalarynyň täsiri wagtyň ýowuz kadasyna boýun egmeýän dek köňül köşgümde henizem çagalygyna galan ýüregimi heýjana salýar. Hyýalymda birsalymlyk eneli we ataly günlerime myhmançylyga gidýärin. Kakam maşgalada uly ogul bolany üçin, biz düýp öýden ir göçüp gaýdypdyrys. Men ol wagtlar kiçijik ekenim. Ejemiň aýtmagyna görä, ýaňy üç ýaşym dolan eken. Şoňa görä-de olar bilen bile ýaşalan günler meniň ýadymda däl.

Şygryýet

Annaoraz BERDIÝEW

Daglardan aşan owaz

(Hekaýa) Bu gün Garrymollanyň ojagynda uly ogly Muhammetsapanyň durmuş toýy tutulýardy. Il arasynda uly abraýdan peýdalanýan bu maşgalanyň ojagynda oba adamlary ir säherden toý gazanlaryny atardylar, ýere halydyr palas düşediler. Gelnalyja gitjek kejebe bezeldi. Kejebä dakyljak atgulaklary taýýarlap oturan Orazgül ýeňňe deň-duşlary bilen oýnap ýören Magtymgula:

Şygryýetiň şeýdalary

Annagözel Allaberdiýewa. * * *

Müň ýyl ömür

Aýdyşlaryna görä, bir gezek abraýly emeldaryň geçiren mejlisine meşhur alymlaryň biri çagyrylypdyr. Emeldaryň mejlise alymy teklip etmeginiň sebäbi hem onuň danalygy we parasatlylygydy. Şonuň üçin hem alym bilen söhbetdeş bolmagy emeldar köp wagtlardan bäri ýüregine düwüp ýördi. Alym mejlise gatnaşýanlaryň ählisi bilen hem gadyrly görüşdi. Ahyrynda bolsa emeldara ýüzlenip:

Nusgalyk mekdep

Suratda: (çepden) şahyr Gurban Çöliýew, mugallym Ata Hojagulyýew, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow, ýazyjy Hydyr Derýaýew, mugallymlar Begmyrat Ussaýew we Kakajan Durdyýew. Ussatlar hakda gürrüň edeniňde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçen talyplyk döwrümiz bilen bagly käbir wakalar serime gelýär.

Ahmet agaly ýatlamalar

— Sungat eserine ýazylan sözbaşy okyjy bilen eseriň arasyndaky köprä meňzeýär. Şu jähetden seredeniňde, asyrlaryň synagyndan geçen eserlere ýazylan sözbaşylara has hem uly orun degişlidir. — Çeper döredijilikde diňe näme aýdanyň däl, eýsem, nähili aýdanyň hem uly rol oýnaýar.

Her zat öz ýerinde...(Tymsal)

Ak, ýaşyl, gök, gyzyl we gara reňkler üýşüp maslahat etdiler. Dostlukly maslahatyň soňy jedele ýazdy. Başyny ak reňk başlady: — Dostlar, men iň gerekli reňk. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip ýöne ýerden aýdylanok. Islendik ýagşy zatlar aklyga deňelýär. Şonuň üçinem baryňyzyň diňe meni diňlemegiňiz gerek.

Pyragynyň şygyrlarynda jahankeşdelik

Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenijileriň aýtmaklaryna görä, ol dürli ylymlardan baş çykaryp bilipdir. Şol sebäpli hem onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, çeperligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem sowatly adamlaryň ünsüni çekmegi başarýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilýär. Dürli ýurtlaryň okyjylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: «Magtymgulyny diňe bir türkmen poeziýasynyň däl-de,  eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýäris» diýip, uly baha berýär.