Il agzy
Könekileriň «Alla gözden salmasyn!» diýen sözleri, gepiň gerdişine görä, heniz-henizlerem ulanylagan. Ol-a, adama ilki buýrulan söz eken, sebäbi bolmasa çöp başy gymyldaýamy diýsene! Gelende aglap, ýöne begendirip, gidende agladyp gidýän adam oglunyň şu ikaradaky ömür diýlip goýberilen, kime näçeräkligi näbelli pursadynda bar zat sebäpli. Sen onuň şeýledigini inkär etjek bol, başartmaz, ykrar tarapyna geçeniňi, şonluk bolanyňy duýmanlar galarsyň. Döreýiş taryhy milliardlap, millionlap ýyllary hasyl eden zamanadyr eýýamlaryň içinden geçip gaýdan ummanlardyr deňizler öz-özünden dörändir öýdýäňizmi? Ýok-la. Munda bisebäp zat barmy? Heniz gaty gadymy, juda irki döwürden söz açylsa, ony Nuh eýýamyna, Nuhuň tupanyna deňelegen. Nuh ata halas bolmak üçin gämä münäýmänkä, ýokardan gelen buýruk bilen her jandardan bir jübütini ýanyna alýar. Gidip barşyna günleriň birinde gury ýere gözi düşmezmi? Munuň şeýle boljagyny heniz ýoldaka agzy guruja çöpli kepderiniň bolşundan-da oraşan aňan Nuh, aman-sag ýere düşýär. Dünýäniň süri-süri dowarynyň urbalygy Nuh atanyň gury ýere çykaran mallaryndan bolarly. Biziňkilerde «Dowar başy dörtden, düýe başy birden» diýen gürrüň bar. Ol goýun ýa düýe urbasyny tutunjagyň gürrüňi. Urba edinjek bolýan goýun bolsa Musasynda, düýe bolsa Weýis babasynda belli maly göz astyna alagan bolýar. Urbasy şeýde-şeýde tutulan mal, elbetde, orta mekdebiň matematikasyndaky