"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bahardan bir gün öň...

Ir säher bilen senenama nazar aýlaýaryn. 27-nji fewral. «Ýene bir günden gözel Diýarymyza bahar pasly gelýär» diýip, içimden begenýärin. Emma penjireden daşaryny synlanyňda, göwnüňe bolmasa, aýazly gyş bahara bu ýakynda ornuny bermejek ýaly. Bu ýyl gyşyň ahyrky günleri has aýazly geldi. Çopanlaryň göhüni getiren güýçli ýagşyň yzy gara ýazdy. Ir säher bilen burjy baglan baglary synlanyňda, ýene bir günden baharyň geljegine ynanasyň gelmeýär. Ikirjiňlenip, diwarda asylgy senenama ýene bir gezek nazar aýlanyňy duýman galýarsyň. Emma burjulan şahalarda ak gyrawyň astyndan çalaja jyklaşyp, börtüp oturan pyntyjaklary göreniňde, kalbyňa ýylylyk aralaşýar. Ýere ýyly girip, baharyň mylaýym ýeli daragtlaryň şahalaryny yralap oýaranda, ýaşyl ýapraklar pyntyklaryny ýaryp çykarlar. Emma häzir olar gyşyň ahyrky aýazyndan üýşenýän ýalydylar. Olar ikigöwünlilik bilen, bir görseň-ä, üstlerini duýdansyz basan gar-gyrawa, bir görseňem, gökde ýaldyrap duran Güne seredýän ýaly.

Tebigy baýlyklaryň sährasy

Garagum sährasynyň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamy, tebigy baýlyklary bar. Häzirki zaman ösen jemgyýetde tebigy ösümlik baýlyklaryny gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak meselesi esasy derwaýyslyklaryň birine öwrüldi. Bu mesele ösümlik dünýäsine we aňyrsy-bärsi görünmeýän tebigy öri meýdanlara eýe bolan Türkmenistan Diýarymyz üçin hem wajypdyr. Tebigaty goramak boýunça Milli strategiýanyň maksady ekoulgamlaryň ewolýusion ýaşaýyş ukyplylygyny üpjün edýän çärelerden, olaryň san, hil häsiýetnamasyny dikeltmekden ybaratdyr. Garagum çölüniň çürt-kesik kontinental klimat häsiýetleri ösümlikleriň agyr şertlere uýgunlaşmagyny, ýagny olaryň yssa, sowuga çydamlylygyny, süýşýän çägelere, güýçli ýellere, tozanly gaýlara durnuklylygyny, ösümlikleriň ýaşaýan gurşawyna ýokary derejede uýgunlaşmagyny talap edýär. Çölüň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy çägiň hojalyk taýdan peýdalanylyşynyň, hatda mallaryň bakylyşynyň meýilleşdirilmeginiň zerurlygyny orta çykarýar.

Suw — adamzadyň umumy mirasy

Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde biodürlüligi we tebigy landşafty gorap saklamak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen birlikde, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda hem uly işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, gol çeken 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda Buýrugy hem bu ugurda ähmiýetli taryhy waka boldy.

Bag —zeminiň göwher zynaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bolsa, bu ugurda ileri sürülýän beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýanlygyndan habar berýär. Milli Liderimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda dürli daragtdyr agaçlaryň, al-elwan gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek, ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde pürli, ýaprakly we miweli bag nahallarynyň, üzümiň millionlarçasy oturdylýar. Her ýyl bahar hem-de güýz pasyllarynda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek çäresi geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbüni ekme

Ösümlik dünýäsiniň täsinlikleri

Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müňüsi bolup, olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir. * * *

Pasyllar baradaky ýorgutlar

Ata-babalarymyz ot-çöpleri, janly-jandarlary, asman ahwalatlaryny synlap, pasyllar baradaky ýorgutlary, yrymlary, nakyllary nesillere miras goýupdyrlar. Gumlular şu günler hem çarwa hasaby bilen maldarçylyk işlerini aşakdaky ýorgutlara, aýtgylara görä ýöredýärler. Gyş gelenini burun biler, ýaz gelenini garyn biler

Ýaza tarapdyr

Togsan dolup, jöwherlenip nazarlar,Indi göwünlermiz ýaza tarapdyr!Tisginjiräp serdar guş dek gözeller —Hymmyla tarapdyr — näze tarapdyr! Owal ýörelmedik ýoldan ýöredim,Ogryn-ogryn bakyşlardan eredim,Garrylygy ret eden döwedimGöterlip-göterlip şygra tarapdyr!

Gandymyň seýrek görnüşi

Biziň tebigatymyz ösümliklere baý. Ýöne uzak ýyllaryň dowamynda şol ösümlikleriň san taýdan seýrekläni-de, ünsli goraga mätäçleri-de bar. Şolaryň biri-de «Gamgyn gandym» agajydyr. Ol kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli ýarymgyrymsy agaçjykdyr. Onuň boýy 50 santimetr töweregi, baldagy agaçlaşan, ýere golaý ösýär. Ýapraklary bogunly. Ownujak ak gülli. Miweleri gyzyl, kähalatlarda sarymtyl, şarşekilli, gyldyrganly. Ol baldaklaryny dökýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biri bolup, tohumlaryndan köpelýär. Köpeliş döwri 4-5 ýyldan soň başlanýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-iýul aýlarynda miweleýär. Ol Kiçi Balkanyň günorta-günbatarynda, Gumdag şäherçesiniň töwereginde ösýär. Çäge syramagy bilen dörän, bozulan ulgam-aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlaryň açylan ýerlerinde bitýär. 2008-nji ýylda bilermenler tarapyndan geçirilen sanawlaryň we barlaglaryň netijesinde bu agajyň 20-den gowrak düýbi hasaba alyndy.

Gözel tebigatymyza buýsanç

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, daş-töweregimizi gurşap alýan gözelliklere hossarlyk gözi bilen garamak türkmen halkynyň nesilden-nesle dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Bular ýaly häsiýet Ýer togalagynda bar bolan ähli halklara mahsusdyr. Şeýle hem agzybir halkymyzyň bagy-bossanlyga, haýwanat dünýäsine bolan garaýşynda aýratyn bir adaty bolmadyk mähremlik alamatlary mese-mälim duýulýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekişlik dabaralarynyň geçirilmegi, eziz Diýarymyzyň gözelliginiň has-da artdyrylmagy bilen bilelikde ekologiýa abadançylygynyň derejesini-de ýokarlandyrýar. Ynha, 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Munuň özi saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň has-da köpelmegine, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine oňat täsirini ýetirer.

Tebigaty — gül-gülüstün, ady — dillerde dessan

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýär. Allanyň nazary siňen bu keramatly topragymyzy, ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar bolsa kyssa eserlerinde ýokary çeperçilik derejesinde inçelik bilen wasp etmegi başarypdyrlar. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda tebigaty goramak babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barlyp, bu ugurda kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. 2020-nji ýylda kabul edilen «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolýar. Bu kanun ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Erik gülläpdir

Göräýmäge, diňe bir sütünlik baldagy däl, eýsem, şahalary-da gasyn-gasyn bolup duran erik bagy äwmezek ýaly. Ýöne onuň entek ýere ýyly gitmänkä, ýyldyz senenamasyndaky «Çarwa nowruzy» ýa-da «Nowruz» döwri hakda-ha söz ýok, eýsem, «Garagyşyň» orruk ortarasynda gülläp başlamagy bolsa, köp zatlar hakyndaky oý-pikirleri, deňeşdirmeleri seriňe doldurýar. Adatça, ýanynda dürli gülküli wakalary gürrüň berseňem, bir ýylgyrdyp bolmaýan adamlar bolar-a. Ana, şolaryň juda agras görünseler-de, käteler ýürekleriniň ýukadygyna göz ýetirip, haýran galarsyň. Olary öz ýanyňdan duýga, mähre garybrak hasaplap ýörensiň welin, birdenkä bilelikde dartgynly wakalar bilen kalbyňy elendirýän filme tomaşa etmeli bolaýsaň ýa-da durmuş şowsuzlyklaryndan habar berýän daşary ýurt gepleşiklerine bile seredäýseň welin, häli-şindi ýuwaşlyk bilen gözleriniň owasyny süpürýändigine şaýat bolarsyň. Erik bagynyň paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde: seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň ýanýodalaryny etekläp oturan baglaryň arasynda patraga dönen güllerinden gözüňi aýrasyň gelenok. Ýaňy «Kiçi çilleden» çykyp, öz ýanyňdan: «Ynha, bu gün-ertir togsan dolup, ýere-de ýyly gider, nesip bolsa» diýip, günüňi hasaplap ýörkäň, güle duran bagy synlamak juda ýakymly ahyry. Onuň düýşde ýa-da gyzykly çeper eserde däl-de, hut hakykatda gülländigine aň ýetiribem çaga ýaly begenersiň. Hawa, Watanymyzyň ýüregi Aşgabatda erik güllä

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Durnukly ösüşiň maksatlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täsin tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda belli bir maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

— Bilgirje, aýsbergler barada gyzykly maglumatlary bilesimiz gelýär...

— Aýsbergler Antarktidanyň we Arktikanyň kenarýaka böleginden bölünip aýrylýan ägirt uly buz bölekleri bolup, olara başgaça «buzdaglary» hem diýilýär. Bu äpet buz bölekleri bölünip gaýdan ýerlerinden erkin ýüzüşe çykanlaryndan soň, ummanlaryň akymyna görä hereket edip, müňlerçe kilometr arany açýarlar we ýyly ýurtlaryň ýerleşýän ýerlerine çenli baryp ýetýärler. Arktikadan bölünip gaýdan buzdaglaryň 4000 kilometr aralygy geçip, Bermud adalaryna çenli, Antarktidadan ýüzüp gaýdan aýsbergleriň 5000 kilometr ýol söküp, Rio-de-Žaneýronyň kenarlaryna çenli ýetýän ýagdaýlary hem bolýar. Aýsbergleriň dykyzlyk derejesi deňiz suwunyň dykyzlygyndan 10 göterim pesdir. Şonuň üçin hem daşky görnüşiniň juda uludygyna we agramynyň müňlerçe tonna ýetýändigine garamazdan, olar suwuň düýbüne çümmeýärler. Şeýle hem olaryň göwrüminiň 90 göterim bölegi elmydama suwuň aşagynda ýerleşýär. Suwuň üstündäki görünýän bölegi bolsa onuň bary-ýogy 1/10 bölejigidir.

Ösümlikler

Atdamak — selmeler maşgalasyna degişli birýyllyk dermanlyk ot. Türkmenistanda onuň 1 görnüşi duş gelýär. Aýgül — myhaklar maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. Ýurdumyzda onuň 24 görnüşi duş gelýär. Dünýäde 500 görnüşi bolan dag derman ösümligi.

1400 ýaşly agaç

Her ýyl oktýabr aýynyň ahyrynda on müňlerçe adam Hytaýyň Gu Guanýin ybadathanasyna ajaýyp gingko biloba bagynyň ýapraklaryny döküşini we ybadathana toplumynyň ýaşyldan altyna «boýalyşyny» synlamak üçin gelýär. Hytaýyň Şensi welaýatynyň Žunnan (Zhongnan) daglaryndaky Gu Guanýin ybadathanasynda Hytaýyň taryhyndaky beýik hökümdarlaryň biri bolan Tan dinastiýasynyň (618 – 907) imperatory Li Şiminýa üçin ekilen 1400 ýaşly gingko biloba bagy ösýär.

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär

Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawiki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen Tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir. Taslamanyň başynda ýurduň premýer-ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi: «Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 1 –2 gektara barabar bolan 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli geçdi».

Gyşyň mawy reňki

(Bathyz gündeliginden) Men gyşyň reňkini akdyr öýderdim. Ýöne Bathyzda bu düýbünden beýle däl eken...

Ekologiýa bilen sagdynlygyň sazlaşygy

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty gorap saklamakda, ekologiýanyň arassalygyny gazanmakda baý tejribe toplandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde tebigy gurşawy goramaga we ony baýlaşdyrmaga gönükdirilen işlere toplumlaýyn çemeleşilýär. Muny ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýerleriň hasyllylygyny gowulandyrmakda, suwy tygşytly ulanmakda we durmuşa ornaşdyrylýan beýleki tutumly işlerde görmek bolýar.  Daşky gurşawyň arassalygy adam saglygyna oňaýly täsir edýär. Adam tebigat bilen berk aragatnaşykda bolýar. Şonuň üçinem halkymyz tebigata aýawly çemeleşip gelipdir. Tebigatyň ösümlik dünýäsini, janly-jandarlaryny goramak ata-babalardan gelýän sogap iş hasaplanýar. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr we dürli-dürlüdir. Onda ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde giňden beýan edilýär.

Bagym bar — barym bar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli görnüşli saýaly, pürli we miweli baglary ekmeklik asylly däbe öwrüldi. Daş-töweregimizi gurşap alan gözellikleri görmäge göz gerek. Ähli janly-jandaryň dem alýan howasyny tämizläp durýan tebigatyň ösümlik dünýäsi — durmuşyň gözelligi hem gönezligi. Döwlet Baştutanymyz halkymyza hemişe bagdyr gül ekip, daş-töweregimizi gözelleşdirmäge, olaryň döredýän tämiz howasyndan dem alyp ýaşamagy,  howamyzyň hemişe arassalanyp durmagyny gazanmagy, boş wagtlaryňda Saglyk ýoluna çykmagy, säher bilen dagyň kalbyňy heýjana salýan tämiz howasyndan dem alyp, saglygyňy berkitmegi, bedenter-biýedir sport bilen yzygiderli meşgullanmagy sargyt edýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyz nusgalyk görelde görkezýär. Milli Liderimiziň bag ekmäge badalga berýän ýerlerinde gür baglyk emele gelip, şol ýerler tokaýlyga öwrülýär. Adamlaryň elleri bilen döredilýän tokaýlyklar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alyp, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň düýp manysy halkymyzyň saglygyny goramakdan, ekologiýa abadançylygyny gazanmakdan ybaratdyr. Şonuň bu il bähbitli, döwlet ähmiýetli işe goşant goşmak biziň her birimiz üçin parzdyr.