Bilim ulgamy: ösüş we halkara hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň bilim giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde bilim edaralarynyň innowasion mümkinçilikleri ýokarlanýar, täze hünärler we taýýarlyk ugurlary açylýar, okuwa kabul edilýän talyplaryň sany artýar, okuwlaryň hili düýpli kämilleşýär, uzak aralykdan bilim bermek işi ýola goýulýar, ýokary hünär mekdepleri dünýä tejribesinde giňden ýaýran iki derejeli ulgama geçirilýär, bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün edýän täze düzüm birliklerini girizmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini berýän okuw mekdepleriniň işini düýpli özgertmegi ugur edinýän strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu döwlet strategiýasynyň çäklerinde bilimiň özgerdiji güýjüni innowasion ösüşiň bähbidine ulanmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Bilim hakynda» rejelenen gör